Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 7:27 - Mukaddes Kitap

27 Sen olara şu sözleriň baryny aýdarsyň, emma olar seni-de diňlemezler. Sen olary çagyrarsyň, emma olar jogap bermezler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Сен олара шу сөзлериң барыны айдарсың, эмма олар сени-де диңлемезлер. Сен олары чагырарсың, эмма олар җогап бермезлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 7:27
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.


Men-de sizi gylyja niýetlärin, baryňyz gyrylmak üçin dyza çökersiňiz, çagyranymda jogap bermediňiz, geplänimde, gulak asmadyňyz, nazarymda ýigrenýän işlerimi etdiňiz, Maňa ýaramaýany saýladyňyz».


Olar seniň garşyňa söweşerler, emma senden üstün çykmazlar. Çünki seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.


Emma Reb maňa şeýle diýdi: «Sen özüňe ýaş oglan diýme. Kimiň ýanyna ibersem, gidersiň; näme buýursam, şony aýdarsyň.


«Reb şeýle diýýär: Rebbiň öýüniň howlusynda dur-da, sežde etmek üçin Ýahuda şäherlerinden ol ýere gelen her kese aýt. Saňa aýtmagy buýran sözlerimiň ýekejesini-de gaçyrman, baryny olara ýetir.


Şeýlelikde, Men çagyranymda, olar gulak asmadylar, olar çagyranda Men hem olara jogap bermedim. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Sebäbi men Hudaýyň ähli islegini size wagyz etmekden boýun towlamadym.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ