Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 7:2 - Mukaddes Kitap

2 «Rebbiň öýüniň derwezesinde durup, şu sözi jar et: „Eý, Rebbe ybadat etmek üçin, bu derwezelerden girýän tutuş Ýahuda! Rebbiň sözüne gulak as“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Реббиң өйүниң дервезесинде дуруп, шу сөзи җар эт: „Эй, Реббе ыбадат этмек үчин, бу дервезелерден гирйән тутуш Яхуда! Реббиң сөзүне гулак ас“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 7:2
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.


Gullaryň öz eýeleriniň eline bakyşy kimin, gyrnaklaryň öz bikeleriniň eline bakyşy kimin, Hudaýymyz Reb bize merhemet edýänçä, biziň gözlerimiz Oňa dikilgi.


Eý, Sodom baştutanlary, Rebbiň sözüni eşidiň! Eý, Gomora halky, Hudaýymyzyň kanunyna gulak goý!


Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size aýdýan sözüni diňläň.


Reb maňa bu sözleriň hemmesini Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde jar et-de, şuny aýt diýdi: «Bu ähtiň sözlerine gulak asyň, olary berjaý ediň.


Onsoň Ýermeýa özüni Rebbiň pygamberlik etmek üçin iberen ýeri bolan Topetden geldi. Ol Rebbiň öýüniň howlusynda durup, tutuş halka şeýle diýdi:


«Git-de, şulary Iýerusalim halkyna jar et. Reb şeýle diýýär diý: „Men seniň ýaşlygyňdaky wepaňy, gelin wagtyňdaky söýgiňi ýatlaýan, çölde – ekin bitmeýän ýerde, Meniň yzyma eýerişiňi ýatlaýan.


Rebbiň sözüne gulak asyň, eý, Ýakup nesli, Ysraýylyň ähli kowumlary!


«Reb şeýle diýýär: Rebbiň öýüniň howlusynda dur-da, sežde etmek üçin Ýahuda şäherlerinden ol ýere gelen her kese aýt. Saňa aýtmagy buýran sözlerimiň ýekejesini-de gaçyrman, baryny olara ýetir.


Onsoň Ýermeýa pygamber ruhanylaryň we Rebbiň ybadathanasynda duran ähli halkyň gözleriniň alnynda Hananýa pygamber bilen gepleşdi.


Ýöne, eý, Ýahuda patyşasy Sidkiýa, Rebbiň sözüni eşit! Reb seniň gylyçdan ölmejikdigiňi aýdýar.


Şonda Baruk ýokarky howluda, Rebbiň öýüniň Täze derwezesiniň girelgesinde ýerleşýän Şapanyň ogly kätip Gemarýanyň otagynda Ýermeýanyň sözlerini ähli halka eşitdirip okady.


Ýöne sen git-de, meniň dilimden ýazyp alan Rebbiň sözlerini agyz bekleme güni Rebbiň öýünde halka okap ber. Ony Ýahuda şäherlerinden gelen ähli halka eşitdirip okap ber.


Ýermeýa ähli halka we aýallara ýene şeýle diýdi: «Eý, Müsür ýurdundaky ähli ýahudalylar, Rebbiň sözüni diňläň!


Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol meni Öz ruhy bilen getirip, düzlügiň ortasynda goýdy; düzlük süňklerden doludy.


«Muny eşidiň, eý, ruhanylar. Dykgat ediň, eý, ysraýyllar! Gulak as, patyşanyň öýi! Siziň üstüňizden höküm çykarylar. Sebäbi siz Mispada duzak bolduňyz. Taborda gurlan tor bolduňyz.


Indi bolsa Rebbiň sözüne gulak goý. Sen maňa: „Ysraýylyň garşysyna pygamberlik etme, Yshagyň kowumyna garşy wagyz etme“ diýýärsiň.


Ähliňiz eşidiň, eý, halklar! Gulak goýuň, eý, zemin we onuň ýaşaýjylary! Hökmürowan Reb mukaddes mesgeninden size garşy güwälik eder.


Men-Mika diýdim: «Gulak goý, eý, Ýakup nesliniň baştutanlary, Ysraýyl halkynyň hökümdarlary! Adalaty bilmeli siz dälmi näme?


Muňa gulak asyň, eý, adalaty ýigrenip, hakykaty ýoýýan Ýakup nesliniň baştutanlary! Ysraýyl halkynyň ýolbaşçylary!


Isa oňa jogap berip: «Men dünýä ähli zady aç-açan aýtdym. Ähli ýahudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda we ybadathanada hemişe öwretdim, gizlinlikde hiç zat aýtmadym.


«Baryň, ybadathana gidip, halka bu täze ýaşaýyş baradaky habary wagyz ediň» diýdi.


Olar her gün ybadathananyň howlusynda we adamlaryň öýlerinde halka öwretdiler. Isanyň Mesihdigi baradaky Hoş Habary dyngysyz wagyz etdiler.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelen ikinji ölümiň jebirlerine duçar bolmaz“».


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün çykana ýaşyryn saklanan mannadan bererin. Mundan başga-da, oňa ýüzüne täze at ýazylgy bir ak daş bererin. Bu ady daşy aljak adamdan başga hiç kim bilmez“».


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin!“»


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelene Hudaýyň jennetdäki ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge rugsat ederin“».


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin!“»


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin!“»


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin!“»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ