Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 7:19 - Mukaddes Kitap

19 Olar Meni ynjadýarlarmy? Ýok, özlerini ynjadyp, utanja galýarlar. Muny Men-Reb aýdýandyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Олар Мени ынҗадярлармы? Ёк, өзлерини ынҗадып, утанҗа галярлар. Муны Мен-Реб айдяндырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 7:19
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ata-babalarymyzyň döwründen tä şu güne çenli biziň ýazygymyz uludyr. Günälerimiz üçin özümiz, patyşalarymyz, ruhanylarymyz edil şu günki ýaly keseki ýerli patyşalaryň eline berildik, gylyçdan geçirildik, ýesirlige düşdük, talaňa, masgaraçylyga sezewar edildik.


Günä eden bolsaň, Hudaýa näme zyýany bar? Ýazygyň köpelse, Hudaýa zeleli näme?


Boýun gaçyryp, baş göteräýseňiz welin, sizi gylyç ýalmar». Muny Reb aýdýandyr.


Şonuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Ysraýylyň gudratly Hudaýy şeýle diýýär: «Ýagylarymyň üstünden gazabymy dökerin, duşmanlarymdan öç alaryn!


Ähli but ýasaýanlar utandyrylar, ryswa ediler; ählisi bile ryswa bolar olaryň.


Ýedi çagaly aýal demi-demine ýetmän jan berdi. Onuň güneşi gündiziň güni ýaşdy, ol utanja galyp, masgara boldy. Galanlaryny bolsa duşmanlarynyň öňünde gylyja tabşyraryn». Muny Reb aýdýandyr.


Terk etdiň ýol görkezýän Hudaýyň Rebbi, inderdiň şeýdip öz başyňdan bulary.


Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Emma Reb batyr söweşiji kimin meniň bilendir, şonuň üçin meni yzarlaýanlar büdrärler, ýeňip bilmezler. Üstünlik gazanyp bilmändikleri üçin, olar erbet utanja galarlar. Olaryň utanjy ebedilik bolar, hiç wagt unudylmaz.


Ähli ýolbaşçylaryňy ýel äkider, oýnaşlaryň sürgün ediler. Şonda eden pislikleriňden ýaňa, utanja galyp, bolarsyň ryswa.


Ýöne siz Meni diňlemediňiz. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz elleriňiziň işleri bilen gaharymy getirip, özüňize zeper ýetirdiňiz.


Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk.


Ine, eziz halkymyň perýady ýeriň aňry ujundan eşidilýär: «Reb Sionda dälmidir? Onuň Patyşasy ol ýerde dälmi?» «Näme üçin olar özleriniň ýigrenji zatlary, özge nejislikleri bilen gaharymy getirdiler?»


Ine, Siondan perýat eşidilýär: «Bizi, gör, nähili weýran etdiler! Gaty utanja galdyk, çünki ýurdumyzy terk etdik, öýlerimiz ýer bilen ýegsan boldy».


Daýaw bedenli goňşularyň müsürliler bilen zynagärlik etdiň we Meniň gaharymy getirmek üçin zynagärligiňi artdyrdyň.


Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarmakçymy? Eýsem biz Ondan güýçlümi näme?


Keseki hudaýlar bilen Ony gabandyrdylar, nejis zatlar bilen gaharyny getirdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ