Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 7:18 - Mukaddes Kitap

18 Çagalary odun ýygnaýar, atalary ot ýakýar, aýallary hamyr ýugrup, asman melikesi üçin köke bişirýär. Bu halk başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürleýär. Bu zatlar Meniň gaharymy getirýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Чагалары одун йыгнаяр, аталары от якяр, аяллары хамыр югруп, асман меликеси үчин көке биширйәр. Бу халк башга худайлара ичги садакасыны хөдүрлейәр. Бу затлар Мениң гахарымы гетирйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 7:18
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gaýtam, sen özüňden öňki patyşalaryň baryndan beter pislik etdiň. Sen guýma altyn göle butlaryny ýasap, olara sežde edip, Meniň gaharymy getirdiň we Menden ýüz öwürdiň.


«Sen hiç kimdiň, emma Men seni halkym ysraýyla patyşa etdim. Sen Ýarobgamyň ýolundan ýöräp, halkym ysraýyla günä etdirip, olaryň günäleri bilen meniň gaharymy getirdiň.


Ynsan işleri babatda aýtsam: Seniň buýruklaryň arkaly, zalymyň ýollaryndan men gaça durdum.


Iýerusalimiň büdreýändigi, Ýahudanyň ýykylýandygy üçin, Rebbiň şöhratly barlygyny äsgermän sözleriniň we edýän işleriniň Rebbe garşy bolandygy üçin şeýle bolar.


Derýanyň ýylçyr daşlarynyň arasyndadyr paýyňyz, nesibäňiz şolardyr siziň; olara sadaka hökmünde şerap guýýarsyňyz, galla sadakasyny hödürleýärsiňiz, bulardan soň sizi jezasyz galdyrarynmy?


«Emma siz Rebbi terk edýänler, mukaddes dagymy unudýanlar, täleý buty üçin saçak ýazýanlar, kysmat buty üçin garyşyk şerap guýýanlar,


Ol halk baglarda gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakyp kerpiç sypada, gözümiň alnynda yzly-yzyna gaharymy getirýär.


Olaryň Menden ýüz öwrüp eden ähli pislikleri üçin, başga hudaýlara sadakalar berip, öz elleriniň ýasan işlerine sežde edendikleri üçin, Men olaryň garşysyna Öz hökümimi yglan ederin.


Ysraýyl bilen ýahuda halky pislik etdi, olar Bagal butuna sadakalar hödür edip, Meniň gaharymy getirdiler. Şonuň üçin seni ekip oturdan Men Hökmürowan Reb başyňdan betbagtlyk indermegi karar etdim“».


Her gür ýaprakly agajyň ýanyndaky we beýik baýyrdaky gurbanlyk sypalary, Aşera butlary olaryň çagalarynyň ýadyndadyr.


Iýerusalimiň öýleri-de, Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri-de Topet ýaly murdar saýylar. Çünki bu öýleriň ählisiniň üçeginde asman jisimlerine ýakymly ysly tütetgiler ýakdylar, başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürlediler“».


Ýöne siz Meni diňlemediňiz. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz elleriňiziň işleri bilen gaharymy getirip, özüňize zeper ýetirdiňiz.


Bu şäheriň garşysyna söweşýän babyllylar gelip, ony otlarlar. Meniň gaharymy getirip, üçeklerinde Bagal butuna hoşboý ysly tütetgiler ýakan we başga hudaýlara içgi sadakalaryny hödürlän halkymyň öýlerini oda ýakarlar.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siz aýallaryňyz bilen birlikde asman melikesine tütetgi ýakmak we oňa içgi sadakasyny hödürlemek üçin beren wadamyzy berjaý ederis diýip, agzyňyz bilen aýtdyňyz we eliňiz bilen etdiňiz. Bolýar, hany beren sözüňizi ýerine ýetiriň-dä, wadaňyzy berjaý ediň-dä!“.


Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimi iberip: „Bu nejis işi etmäň, Men ony ýigrenýärin“ diýdim.


Ýahudanyň galalarynda, Iýerusalimiň köçelerinde olaryň näme edýändiklerini görmeýärsiňmi?


Ýigitler degirmen daşyny aýlaýarlar, olar odun ýüküň astynda ýegşerýärler.


Daýaw bedenli goňşularyň müsürliler bilen zynagärlik etdiň we Meniň gaharymy getirmek üçin zynagärligiňi artdyrdyň.


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Onsoň meni Rebbiň öýüniň içki howlusyna getirdi. Ine, Rebbiň ybadathanasynyň girelgesinde eýwan bilen gurbanlyk sypasynyň aralygynda ýigrimi bäşe golaý adam bardy. Olaryň arka tarapynda Rebbiň ybadathanasy, özleri bolsa gündogara tarap bakyp durdular. Olar gündogara tarap bakyp, Güne sežde edýärdiler.


Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly, gördüňmi? Ýahuda halkyna bu ýerde nejis işleri etmek azlyk edýärmikä? Olar ýurdy zorlukdan doldurdylar, ýene-de Meniň gaharymy getirýärler; seret, burunlaryna çybyk tutýarlar.


Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarmakçymy? Eýsem biz Ondan güýçlümi näme?


Keseki hudaýlar bilen Ony gabandyrdylar, nejis zatlar bilen gaharyny getirdiler.


Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.


Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ