Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 7:17 - Mukaddes Kitap

17 Ýahudanyň galalarynda, Iýerusalimiň köçelerinde olaryň näme edýändiklerini görmeýärsiňmi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Яхуданың галаларында, Иерусалимиң көчелеринде оларың нәме эдйәндиклерини гөрмейәрсиңми?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 7:17
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olaryň Menden ýüz öwrüp eden ähli pislikleri üçin, başga hudaýlara sadakalar berip, öz elleriniň ýasan işlerine sežde edendikleri üçin, Men olaryň garşysyna Öz hökümimi yglan ederin.


Bu şäheriň garşysyna söweşýän babyllylar gelip, ony otlarlar. Meniň gaharymy getirip, üçeklerinde Bagal butuna hoşboý ysly tütetgiler ýakan we başga hudaýlara içgi sadakalaryny hödürlän halkymyň öýlerini oda ýakarlar.


Tersine, biz ähli zady öz eden kasamymyza laýyk ederis. Asman melikesine tütetgi ýakarys we oňa içgi sadakasyny hödürläris. Biziň özümiz, ata-babalarymyz, patyşalarymyz we ýolbaşçylarymyz Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde näme eden bolsak, şony hem ederis. Şol döwürde biz bolelin iýip-içerdik, gülläp öserdik, ýamanlyk garasyny görmezdik.


Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimi iberip: „Bu nejis işi etmäň, Men ony ýigrenýärin“ diýdim.


Munuň üçin gahar-gazabym dökülip, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde lowlady; olar edil bu günküsi ýaly weýran we haraba bolup ýatyrlar.


«Men seni halkymyň arasynda barlagçy hem derňewçi goýdum, eden işlerini barlarsyň, derňärsiň.


Eý, Ýermeýa, sen bu halk üçin dileg etme, olar üçin perýat etme, ýalbarma, huzurymda olara töwellaçy bolma, barybir Men seni diňlemerin.


Çagalary odun ýygnaýar, atalary ot ýakýar, aýallary hamyr ýugrup, asman melikesi üçin köke bişirýär. Bu halk başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürleýär. Bu zatlar Meniň gaharymy getirýär.


Olaryň erbet ýollaryny we işlerini göreniňizde, size teselli bererler we siz Meniň Iýerusalimde eden ähli işlerimi biderek ýere etmändigimi bilersiňiz». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ