Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 7:15 - Mukaddes Kitap

15 Ähli garyndaşlaryňyzy, tutuş efraýym nesillerini kowşum ýaly, sizi hem huzurymdan kowaryn“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Әхли гарындашларыңызы, тутуш эфрайым несиллерини ковшум ялы, сизи хем хузурымдан коварын“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 7:15
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň Iýerusalime we Ýahuda halklaryna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.


Asa ähli ýahudalary we benýaminleri, olaryň arasynda keseki hökmünde ýaşap ýören efraýymlary, günbatardaky manaşalary we şimgonlary toplady. Beýik Hudaýyň Asa bilendigini görüp, köp ysraýyllar Asanyň tarapyna geçipdiler.


Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin; Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.


Ýöne oglanyň ýagşyny ýamandan saýgarmagy öwrenmezinden öň, seni gorka salan iki patyşanyň ýurdy terk ediler.


Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin!


Bu halk ýa-da bir pygamber, ýa bolmasa bir ruhany senden: „Rebden gelen pygamberlik ýüki näme?“ diýip sorasa, sen olara: „Siziň özüňiz ýük ahyryn. Men sizi terk ederin“ diýip jogap ber. Muny Reb aýdýandyr.


Şonuň üçin hem Men sizi terk edip, sizi-de, özüňize we ata-babalaryňyza beren şäherimi-de huzurymdan aýryp taşlaryn.


Men ähli eden zynalary üçin biwepa Ysraýylyň talagyny berip, kowup goýberenimde hem onuň haýyn uýasy Ýahudanyň hiç gorkmandygyny, gaýtam onuň hem loly bolup, zyna edendigini gördüm.


Rebbiň Iýerusalime we ýahuda halkyna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.


Ine, Siondan perýat eşidilýär: «Bizi, gör, nähili weýran etdiler! Gaty utanja galdyk, çünki ýurdumyzy terk etdik, öýlerimiz ýer bilen ýegsan boldy».


Sen uýaňyň ýolundan ýörediň, Men onuň käsesini seniň eliňe bererin».


Şonuň üçin olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz eti gany bilen iýýärsiňiz, gözleriňizi butlaryňyza dikýärsiňiz, gan dökýärsiňiz; onsoň ýurdy siz miras alarmysyňyz?


Reb oňa aýtdy: «Ogluň adyna Ýizregel dak, çünki az wagtdan Ýizregeliň gany üçin, Ýehunyň nesline jeza bererin, Ysraýyl patyşalygyny tamamlaryn.


Efraýym ýel bilen naharlanýar. Uzakly gün gündogardan gelen ýeli kowalaýar. Ýalançylygy, zulumy artdyrýar. Aşur bilen şertnama baglaşyp, Müsüre zeýtun ýagyny gönderýär.


Olaryň dat gününe! Çünki Menden daşlaşdylar. Bela insin başlaryna! Çünki Maňa garşy baş göterdiler. Men olary halas ederdim. Ýöne olar Men barada ýalan söz aýtdylar.


Men Efraýymy Sur galasy ýaly, otluk ýaýlada gördüm. Emma Efraýym öz ogullaryny jelladyň eline berjek».


Siz Rebbiň topragynda ýaşamarsyňyz. Efraýym Müsüre dolanjak. Aşurda haram zatlar iýersiňiz.


Gibga günlerinde bolşy ýaly, Olar agyr heläkçilige düşdüler. Ol etmişlerini ýatlar. Olaryň etmişlerine görä jeza bar.


Çuňluga, deňizleriň bagryna taşladyň meni. Gurşady suwlar meni. Ähli güýçli tolkunlaryň üstümden geçdi meniň.


Ýusubyň, ýagny Efraýymyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ