Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 7:14 - Mukaddes Kitap

14 Munuň üçin Meniň adym dakylan, siziň bil baglan bu öýüňizi – size we ata-babalaryňyza beren bu ýerimi Şilony nähili ýok eden bolsam, şeýle ederin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Мунуң үчин Мениң адым дакылан, сизиң бил баглан бу өйүңизи – сизе ве ата-бабаларыңыза берен бу ерими Шилоны нәхили ёк эден болсам, шейле эдерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 7:14
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nebuzaradon Rebbiň öýüne, patyşanyň öýüne we Iýerusalimiň ähli jaýlaryna ot berdi; ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy.


Indi beýik bolan bu öýüň ýanyndan geçýän her kişi oňa haýranlar galyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“ diýer.


Atalarymyzyň Saňa öwgi aýdan ýeri bolan mukaddes hem gözel öýümiz oda ýandy, ähli eziz zatlarymyz haraba öwrüldi.


Men halkymy terk etdim, mirasymy taşladym, jandan söýýän halkymy duşmanlarynyň eline berdim.


Şonuň üçin hem Men sizi terk edip, sizi-de, özüňize we ata-babalaryňyza beren şäherimi-de huzurymdan aýryp taşlaryn.


«Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygamberlik edip, ol ähli halka Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendi: „Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar“.


Olara Reb şeýle diýýär diý: „Eger siz Maňa gulak goýmasaňyz, beren kanunyma görä ýöremeseňiz,


Soňra şu nejis işleri etmek üçin Meniň adym dakylan öýe gelip, huzurymda durup, ‘Biz halas bolduk!’ diýýärsiňizmi?


Indi Şilodaky ilkinji gezek adymy dakan ýerime gidiň we ysraýyl halkymyň pisligi üçin, oňa näme edendigimi görüň.


‘Bu Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy bu ýerde!’ diýen sözlere bil baglamaň.


Taňry gurbanlyk sypasyny taşlady, mukaddes öýüni terk etdi. Köşkleriniň diwarlaryny duşmanyň eline berdi. Rebbiň öýündäki duşmanyň gykylygy baýramçylyk gündäki owaza meňzedi.


Wah, altyn nähili garaldy-la! Sap altyn nähili üýtgedi-le! Mukaddes daşlar çaşyp ýatyr her köçäniň başynda.


Sen uýaňyň ýolundan ýörediň, Men onuň käsesini seniň eliňe bererin».


«Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“.


Emma Hudaýyňyz Reb ähli tireleriň arasynda Özüne ybadat edilmegi üçin ýer saýlar we siz şol ýeri gözläp taparsyňyz. Siz ol ýere baryň,


Olar Hudaýyňyz Rebbiň size beren ýerine gelip, siziň bil baglan ähli beýik we berk diwarly galalaryňyzy gabawa salarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ