Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 7:11 - Mukaddes Kitap

11 Meniň adym dakylan bu öý siziň üçin garakçylaryň sürenine öwrüldimi? Emma Men näme edýäniňizi görýärin. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Мениң адым дакылан бу өй сизиң үчин гаракчыларың сүренине өврүлдими? Эмма Мен нәме эдйәниңизи гөрйәрин. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 7:11
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen gökde, Öz mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkup, Saňa ybadat üçin guran öýümi bilerleri ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber.


Huzuryma şeýle gelip, howlymy depeläp ýörmegiňizi kim sizden talap etdi?


mukaddes dagyma getirerin, ybadat öýümde şatlandyraryn olary; ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary gurbanlyk sypamda kabul ediler; çünki Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýip atlandyrylar».


Etegiň-de bigünä garybyň ganyna boýalan, ony sen ogurlykda tutmadyň ýogsam. Bu zatlaryň baryna garamazdan,


Gizlin ýerlerde bukulany Meniň görmejek gümanym barmy? Muny Reb aýdýandyr. Asmany hem ýeri Men doldurmaýarynmy? Muny Reb aýdýandyr.


Olar Ysraýylda ýaramaz işlere baş goşdular, goňşularynyň aýallary bilen zyna etdiler, özlerine buýurmasam hem Meniň adymdan ýalan sözleri aýtdylar. Bilýän hem güwä geçýän Mendirin“. Muny Reb aýdýandyr».


Soňra şu nejis işleri etmek üçin Meniň adym dakylan öýe gelip, huzurymda durup, ‘Biz halas bolduk!’ diýýärsiňizmi?


Sen diliň bilen Maňa garşy gedemlik etdiň, Meniň garşyma biderek ýaňradyň, Men muny eşitdim».


Eý, Hudaýym, diňle we eşit! Gözleriňi açyp, biziň weýrançylygymyza we Seniň adyň dakylan şähere seret. Biziň dogruçyldygymyz sebäpli däl-de, eýsem Seniň beýik rehimdarlygyň sebäpli öz nalyşlarymyzy Seniň huzuryňa getirdik.


Isa olara: «„Meniň öýüm ybadat öýi diýlip atlandyrylar“ diýip ýazylgydyr, siz bolsa muny garakçylaryň sürenine öwürýärsiňiz» diýdi.


Isa olara öwretmek bilen: «„Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýlip atlandyrylar“ diýip ýazylgy dälmi näme? Emma siz muny garakçylaryň sürenine öwrüpsiňiz» diýdi.


Ol kepderi satýanlara: «Bulary bu ýerden ýok ediň! Atamyň öýüni bazara öwürmäň!» diýdi.


Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ