Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 6:6 - Mukaddes Kitap

6 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimiň agaçlaryny kesiň, diwaryna çykmak üçin ýapgyt guruň. Bu şäher jezalandyrylmalydyr, munuň içinde zulumdan başga zat ýokdur.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Мунуң үчин Хөкмүрован Реб шейле диййәр: «Иерусалимиң агачларыны кесиң, диварына чыкмак үчин япгыт гуруң. Бу шәхер җезаландырылмалыдыр, мунуң ичинде зулумдан башга зат ёкдур.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 6:6
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Aşur patyşasy barada şeýle diýýär: «Ol bu şähere girmez, ok atmaz, bu şäheriň garşysyna galkanly çykmaz we şäheriň diwaryna ýaplap ýapgydy dikmez.


Çünki geplesem, perýat edýärin, «Zorluk we zulum!» diýip gygyrýaryn. Rebbiň sözünden ýaňa bütin gün kemsidildim we masgara boldum.


Emma seniň gözüň we ýüregiň haram gazanja, bigünä gan dökmäge, zulum hem zorluk etmäge dikilipdir.


Ine, duşmanlar şäheri ele salmak üçin ýapgytlar gurdular. Gylyç, açlyk we mergi sebäpli şäher öz garşysyna söweşýän babyllylaryň eline berildi. Öz görşüň ýaly, Seniň aýdanlaryň ählisi berjaý boldy.


Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilaty, olaryň patyşalary, han-begleri, ruhanylary, pygamberleri, ýagny ysraýyl we ýahuda halklarynyň bary diňe pislik edip, Meniň gaharymy getirdi. Bu şäheriň bina edilen gününden tä şu güne çenli Meniň gaharymy getirendigi üçin, ony nazarymdan ýok edip taşlajak.


Ýapgytlar bilen çozujylardan goranmak üçin ýykylan bu şäheriň öýleridir Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri hakynda Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär:


Iýerusalim basylyp alnanda, Ýermeýa heniz-de şol ýerdedi. Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynda Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny bilen Iýerusalimiň üstüne ýöriş edip, onuň daşyny gabady.


Bu zatlar üçin Men olary jezalandyrmarynmy? Munuň ýaly milletden, heý-de, öç almarynmy? Muny Reb aýdýandyr.


Bu zatlar üçin Men olary jezasyz galdyrarynmy? Janym beýle milletden öç almazmy?» Muny Reb aýdýandyr.


Onuň daşyny gaba, garşysyna berkitmeler sal, diwaryna çykmak üçin ýapgyt gur; düşelgeler dik, töwerek-daşynda diwar ýykýan pürsler ýerleşdir.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bu Iýerusalimdir; Men ony milletleriň merkezinde goýdum, ýurtlary onuň töwereginde ýerleşdirdim.


Soňra demirgazyk patyşasy berk diwarly şähere gelip, onuň diwarlaryna çykmak üçin ýapgyt gurar we bu şäheri basyp alar. Günorta goşuny hatda özüniň saýlama goşuny bilen-de onuň garşysynda durup bilmez, olaryň güýçleri ýetmez.


Gozgalaňçy, haram, zalym şäheriň dat gününe!


Seniň başyňa şeýle bir günler geler: duşmanlaryň daş-töweregiňe garymlar gazyp, seni gabarlar, her ýandan gysyp-gowrarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ