Emma Meni diňlemeseňiz, Sabat güni Iýerusalimiň derwezelerinden ýükli girip, Sabat gününi mukaddes hasaplamasaňyz, onda Men şäheriň derwezelerini oda bererin. Ot Iýerusalimiň içki galalaryny ýakyp ýandyrar, ol hiç wagt sönmez».
Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykyldy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gabasalar-da, ähli esgerler gije patyşanyň bagynyň ýolundan, iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Araba düzlügine tarap gaçyp gitdiler.
Abadýa gelen aýanlyk: Hökmürowan Reb Edom barada şeýle diýdi: «Milletlere wekiliň iberilendigine habar geldi. Rebden gelen wekiliň: „Turuň, Edoma garşy söweşe çykalyň!“ diýen habaryny eşitdik.