Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 6:29 - Mukaddes Kitap

29 Körük gyzdyrylýar, otda gurşun ereýär, emma zergäriň bu eden işi puçdur, şonda-da pislik hiç aýrylmaýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Көрүк гыздырыляр, отда гуршун эрейәр, эмма зергәриң бу эден иши пучдур, шонда-да пислик хич айрылмаяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 6:29
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kümüş göweçde, altyn kürede synalýan bolsa, ýürekleri barlaýan Rebdir.


Onsoň men: «Biderek zähmet çekdim, biderek, bihuda sarp etdim güýjümi; ýöne hakym Reb bilendir, sylagym Hudaýym bilendir».


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Eger toba etseň, seni ýene kabul edip, huzurymda durzaryn. Eger biderek sözleri däl-de, gymmatly sözleri aýtsaň, Meniň dilim bilen geplärsiň. Bu halkyň özi saňa tarap öwrüler, emma sen olara tarap öwrülmersiň.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olary eredip, synagdan geçirerin. Biçäre halkymy başga näme edip bilerin?


Onuň bar zähmeti biderek boldy, galyň kesmegi ondan aýrylmaýar; kesmegiň aýrylmagyna hatda ot hem ýardam etmez.


Haýasyzlygyň seni haram etdi. Men seni tämizlejek boldum, emma sen tämizlenmek islemediň. Saňa garşy tutaşan gazabym ýatyşýança, sen haramlygyňdan tämizlenmersiň.


Menden dänmek pikiri halkymyň ýüregine kök urdy. Beýik Hudaýy çagyrsalar-da, olara hiç medet bermez.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


bu synaglaryň siziň imanyňyzy berkidýändigini biliň. Hatda pany altyn hem otda saplanyp synalýandyr. Şeýlelikde, altyndan has gymmatly bolan imanyňyz synagdan geçip, Isa Mesih aýan bolanda, size öwgi we şan-şöhrat getirer.


Mähribanlarym, sizi synamak üçin başyňyza inen ot belasyna geň zada sataşan ýaly haýran galmaň.


Ogly olary ejesine gaýtaryp berende, ejesi iki ýüz sany kümüş teňňäni aldy-da, kümüş ussasyna berip, şol kümüşlerden oýma hem-de guýma but ýasatdyrdy; olar Mikanyň öýünde durdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ