Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 6:28 - Mukaddes Kitap

28 Olaryň bary tekepbir pitneçidirler, gybatdyr töhmet bilen ýaşaýarlar. Ýüregi bürünç, demir deý gatap, hemmesi ýoldan çykandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Оларың бары текепбир питнечидирлер, гыбатдыр төхмет билен яшаярлар. Йүреги бүрүнч, демир дей гатап, хеммеси ёлдан чыкандыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 6:28
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawudyň mezmury Ýa Reb, Seniň çadyryňda kim düşläp bilýär? Mukaddes dagyňda kim ýaşap bilýär?


Siona Öz keremiň bilen Sen ýagşylyk et, we Iýerusalimiň diwarlaryny Sen dikelt.


Ýigrenji ýaşyrýan kişi – ýalançy, gybat ýaýradýan bolsa akmakdyr.


Eý, ysraýyl halky, garşysyna uly pitne turzan Rebbe tarap öwrüliň!


Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.


Emma bu halk tekepbir we pitneçi. Olar azdylar, ýoldan çykdylar.


Olara „ýalan kümüş“ diýler, çünki Reb olary ret etdi».


Munuň üçin sen olara şeýle diý: „Bu özleriniň Hudaýy Rebbe gulak asmaýan, dogry ýola gelmeýän milletdir. Hiç kim hakykaty aýtmaýar, ol hakda dil hem ýarmaýar.


«Ýalan üçin dillerini ýaý kimin egreldýärler. Ýurtda olaryň güýji nädogrulyk bilen güýçlenýär, çünki pislik üstüne pislik edýärler, Meni asla tanamaýarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Her kes öz dostundan ägä bolsun, hiç bir dogana ynam etmäň. Çünki her bir dogan ýalançydyr, her bir dost ýalan gep gezdirýär.


Olar seni isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara sözlerimi aýt, çünki olar pitneçi halkdyr.


Haýasyzlygyň seni haram etdi. Men seni tämizlejek boldum, emma sen tämizlenmek islemediň. Saňa garşy tutaşan gazabym ýatyşýança, sen haramlygyňdan tämizlenmersiň.


Daşlary sökülip alnyp, suwagy gyrlyp aýrylyp, täzeden suwalandan soňam ol öýde zeň peýda bolsa, ruhany baryp, ol öýi ýene-de gözden geçirsin. Eger zeň öýe ýaýran bolsa, ol öý harap saýylsyn.


Öz halkyňyň arasynda ýalan gep gezdirme, adalatsyz höküm zerarly ildeşiňe howp abanýan bolsa, şaýat onuň arkasynda dursun. Men Rebdirin.


Milletler Saňa gaharlandylar. Indi Sen hem gazaba mündüň. Indi ölülere kazylyk etmegiň wagty geldi. Seniň gullaryň bolan pygamberleri, Öz halkyňy we Senden gorkýan uly-kiçi baryny sylaglamagyň wagty geldi. Ýeri harabalyga öwrenleri heläk etmegiň wagty geldi».


Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ