Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 6:24 - Mukaddes Kitap

24 «Olar hakdaky habary eşidenimizde, ellerimiziň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýäris dert-azaplary.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 «Олар хакдакы хабары эшиденимизде, эллеримизиң ысгыны гачды. Догурян аял кимин чекйәрис дерт-азаплары.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 6:24
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Muşakgatlyk wagtynda, duşmanlar nähak ýere maňa hüjüm edende, men näme üçin gorka düşeýin?


Munuň üçin sanjy tutdy bilimden, dogurýan aýalyň burgusy dek, burgular tutdy meni; eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim, görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.


Betbagtçylyk her geçende, sizi süpürip äkider, ol her säher, gije-gündizine geçer». Habara düşüneniňizde, sizi gorky gaplar.


Ýolbaşçy edip ýetişdiren adamlaryňy Reb özüňe hojaýyn etse, näme diýersiň? Dogurýan aýalyň burgusy ýaly seni-de sanjy tutmazmy?


Eý, Liwanda mesgen tutan, kedr agaçlarynda höwürtge ýasan! Seni çaga dogurýanyňky ýaly burgydyr sanjy gurşanda, çekersiň ahy-nala!


Indi soraň, görüň, heý, erkegem çaga dograrmy? Näme üçin çaga dogurýan aýal ýaly erkekleriň ellerini bilinde görýärin? Näme üçin hemmäniň ýüzi soluk?


Men burgusy tutýan aýalyň sesini, ilkinji çagasyny dogurýanyň iňňildisini, ellerini uzadyp: «Waý halyma! Ganhorlaryň öňünde janym tapdan düşýär-le!» diýip, sojaýan Sion gyzynyň agysyny eşitdim.


Şäherler ele salnar, galalar basylyp alnar. Şol gün Mowabyň urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar.


Damask mejalsyz galdy, gaçjak bolup öwrülende, ony gorky gaplady. Çaga dogurýan aýal kimin ony sanjy we agyry tutdy.


Babyl patyşasy olar hakdaky habary eşidende, elleriniň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýär dert-azarlary.


Hiç kimiň golunda kuwwat galmaz, ähli kişiniň dyzlary titrär.


Mundan soň Belşasar patyşa gaty howsala düşdi, onuň ýüzünde reňk-pet galmady, töreleri hem aljyraňňylyga düşdüler.


Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, sesinden dodaklarym tibirdedi, süňňüm eräp, dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan injek betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn.


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ