Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 6:23 - Mukaddes Kitap

23 Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri-de rehimsiz hem zalymdyrlar. Sesleri deňiz ýaly güwwüldeýär. Eý, Sion gyzy! Olar atlara atlanyp, bir adam ýaly söweşe taýýarlanyp, seniň garşyňa nyzama durdular».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Олар яйдыр найза билен ярагланан, өзлери-де рехимсиз хем залымдырлар. Сеслери деңиз ялы гүввүлдейәр. Эй, Сион гызы! Олар атлара атланып, бир адам ялы сөвеше тайярланып, сениң гаршыңа нызама дурдулар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 6:23
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu gün duşmanlar Nopda galarlar, Sion gyzynyň dagyna, Iýerusalimiň depesine ýumruk çenär.


Ýaş ýigitleri ýere ýazar ýaýlary, bäbeklere rehim etmezler, gözleri çagalary gaýgyrmaz.


Betbagtçylyk! Köp milletleriň güwwüldisi! Deňziň güwwüldisi deý güwleýär olar! Ah! Halklaryň güwwüldisi! Güýçli tolkunlar deý güwwüldeşýärler!


Müsürlileri zalym hojaýynyň eline bererin, rehimsiz patyşa höküm sürer üstlerinden». Muny Hökmürowan Taňry Reb aýdýandyr.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ine, bela milletden-millete ýaýraýar, ýeriň aňry ujundan uly harasat gopar“.


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Ähli oýnaşlaryň seni unutdy, olar seni sorap agtarmaýarlar, ýazygyňyň çökderdigi sebäpli, günäleriňiň san-sajaksyzdygy üçin seni duşman zarbasy bilen urdum, saňa rehimsizlik bilen jeza berdim.


Ine, duşman bulut kimin gelýär, söweş arabalary harasat kimindir. Onuň atlary bürgütden ýyldamdyr. Dat günümize, biz weýran bolduk!


Milletlere yglan ediň, Iýerusalime jar ediň: «Ine, olar geldiler! Uzak ýurtdan gabawçylar gelip, Ýahuda şäherlerine garşy söweş nagralaryny çekerler.


Ähli şäheriň halky atlylaryň we ýaýçylaryň güpürdisinden gaçýar. Kimsi jeňňele sümýär, kimsi gaýalara dyrmaşýar. Şäherleriň ählisi terk edildi, olarda hiç kim ýaşamaýar.


Olaryň sagdagy açyk gabyr ýalydyr, barysy batyr söweşijilerdir.


Reb şeýle diýýär: «Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär, ýeriň aňry ujundan bir beýik millet, köp patyşalar aýaga galýar.


Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri hem rehimsiz hem zalymdyrlar. Olar atlara atlanan, sesleri deňiz ýaly güwleýär. Olar bir adam ýaly söweşe taýýar bolup, seniň garşyňa nyzama durdular, eý, Babyl gyzy!


Iýerusalime garşy söweşmäge taýýarlanyň. Turuň, gündiziň güni çozalyň! Işimiz gaýtdy! Gün ýaşyp barýar, öýlän kölegeler uzalýar!


Duşman atlarynyň horruldysy Dandan eşidilýär, bedewleriniň kişňemesinden tutuş ýer ýüzi titreýär. Olar bu ýurdy, onuň içindäki ähli zatlary, şäheri hem onda ýaşaýanlary ýok etmäge geldiler.


Üstüňize gaharymy döküp, gazap odumy üflärin, seni öldürmäge zabun wagşylaryň eline bererin.


Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ