Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 6:22 - Mukaddes Kitap

22 Reb şeýle diýýär: «Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär, ýeriň ujundan bir beýik millet aýaga galýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Реб шейле диййәр: «Ине, демиргазык юртдан бир халк гелйәр, ериң уҗундан бир бейик миллет аяга галяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 6:22
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Diňläň, bir habar gelýär! Ýahuda şäherlerini harabalyga, şagallar sürenine öwürmek üçin demirgazyk ýurtdan uly gopgun gelýär.


Başyňyzy galdyryp, demirgazykdan gelýänleri görüň. Saňa berlen süri, ajaýyp süriň nirede?


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ine, bela milletden-millete ýaýraýar, ýeriň aňry ujundan uly harasat gopar“.


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Reb şeýle diýýär: «Siz: „Biz sag-salamatlyk däl-de, howp hem howsala sesini eşitdik“ diýýäňiz.


Milletlere yglan ediň, Iýerusalime jar ediň: «Ine, olar geldiler! Uzak ýurtdan gabawçylar gelip, Ýahuda şäherlerine garşy söweş nagralaryny çekerler.


Siona tarap ýoly görkezýän bir nyşan goýuň, gaçyp gutulyň, eglenmäň! Çünki Men demirgazykdan bela, äpet betbagtlyk indererin.


«Reb şeýle diýýär: „Demirgazykdan suwlar joşup, derýa kimin dolup-daşar-da, ýurdy we ondaky ähli zatlary, şäheri hem ýaşaýjylaryny basar. Adamlar dady-perýat ederler, ýurduň bütin halky ahy-nala çeker.


«Eý, ysraýyl halky, siziň üstüňize uzak ýurtdan bir milleti çozdurjak. Ol güýçli hem gadymy milletdir. Sen ol milletiň dilini bilmersiň, näme aýdýanyna düşünmersiň. Muny Reb aýdýandyr.


Olaryň sagdagy açyk gabyr ýalydyr, barysy batyr söweşijilerdir.


«Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin Iýerusalimden gaçyň! Tekowada surnaý çalyň, Beýthakeremde bir nyşan dikiň, çünki demirgazykdan bir betbagtlyk, äpet weýrançylyk ýetip gelýär.


Üstüňize gaharymy döküp, gazap odumy üflärin, seni öldürmäge zabun wagşylaryň eline bererin.


Şonuň üçin, eý, Oholyba, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men seniň ýigrenen oýnaşlaryňy özüňe garşy küşgürerin, olary her ýandan saňa garşy aýaga galdyraryn.


Özgeleriň ýurtlaryny eýelejek bolup, dünýäniň çar tarapyna ýöriş edýän rehimsiz we zalym babyl milletini size garşy öjükdirerin.


Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ