Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 6:16 - Mukaddes Kitap

16 Reb şeýle diýýär: «Ýoluň çatrygynda durup serediň, owalky ýodalar hakda sorap, ýagşy ýoluň nirededigini öwreniň; ondan ýöräň, janyňyz rahatlyk tapar. Emma olar: „Ol ýoldan ýöremeris“ diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Реб шейле диййәр: «Ёлуң чатрыгында дуруп середиң, овалкы ёдалар хакда сорап, ягшы ёлуң ниредедигини өврениң; ондан йөрәң, җаныңыз рахатлык тапар. Эмма олар: „Ол ёлдан йөремерис“ дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 6:16
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

şonda Sen gökde eşit-de, Öz gullaryň bolan ysraýyl halkynyň günäsini geçip, olara dogry ýoldan ýöremegi öwret. Öz halkyňa miras hökmünde beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr.


Rebbiň ähli işlerinde baş ruhany Amarýa, patyşanyň ähli işleri üçin Ýahuda tiresiniň baştutany Ysmaýylyň ogly Zebadýa siziň üstüňizden garaýandyr, lewiler hem öňüňizde gözegçi bolarlar. Işde batyr boluň! Reb ýagşylar bilen bolsun!»


Eý, Ýakubyň nesilleri, geliň, Rebbiň nurunda ýöräliň!


Olara: «Bu dynçlyk ýeridir, argynlara dynç beriň, bu dynçlyk ýeridir» diýdi; emma diňlemek islemediler.


Saga, sola öwrüleniňizde, yzyňyzdan: «Ýol budur, şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz.


Gadymda bolan-geçen zatlary ýatlaň, Men Hudaýdyryn, Menden başga Hudaý ýokdur, Men Hudaýdyryn, Maňa meňzeýän ýokdur.


Olar rahatlyga gowuşýarlar; dogrulykda gezýänler öz ýerlerinde dynç alýarlar.


Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar.


Emma olar: „Bidereklik! Biz öz pikirlerimize eýereris, kesirlik bilen öz erbet niýetlerimize görä hereket ederis“ diýerler.


Emma halkym bolsa Meni terk etdi, biderek hudaýlara tütetgi ýakdy. Bu hudaýlar olaryň gitjek ýollarynda, owalky ýollarda büdremeklerine sebäp boldular. Olar çarkandakly ýoldan ýöräp, dogry ýoly terk etdiler.


Aýagyňy ýalaňaçlykdan, bogazyňy suwsuzlykdan gora. Emma sen: ‘Tamakin bolma! Men keseki hudaýlary söýdüm, olaryň yzyna eýererin!’ diýdiň.


Işiň rowaçka, Men saňa ýüzlendim, ýöne sen: „Diňlemerin“ diýdiň; ýaşlygyňdan bäri ýoluň şu boldy, sözüme hiç gulak asmaýardyň.


Özüň üçin çelgiler goý, ýol görkezýän sütünler dik, ýoluňy, ýörän şaýoluňy gowuja anykla. Yzyňa dolan, eý, Ysraýyl boý gyzy, öz şäherleriňe tarap öwrül!


Nirä gitmelidigimizi, näme iş etmelidigimizi, goý, Hudaýyň Reb bize görkezsin».


«Biz seniň Rebbiň adyndan aýdýan sözleriňe gulak asmarys.


Olar ýüzlerini Siona tarap öwrüp, oňa gidýän ýoly sorarlar. „Geliň, unudylmajak ebedi äht arkaly Reb bilen birleşeliň“ diýerler.


Olara diňe şu buýrugy beripdim: ‘Maňa gulak asyň. Men siziň Hudaýyňyz, siz hem Meniň halkymsyňyz. Diňe Meniň görkezen ýolumdan ýöräň, şonda gowy günler görersiňiz’.


Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine kowalaşyp, pis ýüreklerine görä hereket etdiler. Ilerlemegiň deregine gaýra tesdiler.


Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ýollaryňyzy hem işleriňizi düzediň, şonda Men sizi bu ýerde ýaşadaryn.


Gulum Musanyň kanunyny, bütin Ysraýyl üçin Meniň Horep dagynda onuň üsti bilen buýran parzlarymy we hökümlerimi ýatlaň.


Emma Ybraýym: „Olarda Musanyň we pygamberleriň ýazgylary bar ahyry, goý, şolara gulak assynlar“ diýýär.


Isa olara: «Nur siziň araňyzda ýene az wagt bolar. Nur barka, nurda geziň, şonda üstüňizi tümlük basmaz. Çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir.


Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.


Siz baky ýaşaýyş Mukaddes Ýazgylardadyr öýdüp, olary yhlas bilen öwrenýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda şaýatlyk edýärler.


Beriýadaky ýahudylaryň gözýetimi Salonikidäki ýahudylaryňka garanda has giňdi. Olar Isa hakyndaky habary göwünjeňlik bilen kabul edip, Pawlusyň aýdanlarynyň hakykatdygyny görmek üçin, Mukaddes Ýazgylary her gün seljerýärdiler.


Şeýle-de, atamyz Ybraýym sünnetlileriň hem atasydyr. Ýöne şeýle sünnetlileriň imany Ybraýymyň sünnetlenmeden ozal iman edişi ýaly bolmalydyr.


Öten günleri ýada salyň, geçen nesillere nazar aýlaň. Ataňyzdan soraň, aýdyp bersin, ýaşulularyňyz gürrüň bersin.


Şeýlelikde, Isa Mesihi Rebbiňiz hökmünde kabul edişiňiz ýaly, Onuň görkezen ýoly bilen ýöräň.


Ata-babalarymyz iman arkaly Hudaýy hoşnut etdiler.


Ýaltalyga ýüz urmaň, gaýtam, iman hem sabyr-takat arkaly Hudaýyň wadalaryna gowşanlaryň göreldesine eýeriň.


Emma olar serdarlara-da gulak asmadylar. Tersine, başga hudaýlara sežde edip, Rebbe biwepalyk etdiler; Rebbiň buýruklaryny ýerine ýetiren ata-babalarynyň yzyna eýermän, gaýtam olaryň ýolundan juda tiz çykdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ