Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 6:11 - Mukaddes Kitap

11 Munuň üçin men Rebbiň gazabyndan doludyryn, gaharymy saklamakdan halys irdim». «Ony köçedäki çagalaryň, toplanan ýigitleriň üstüne dök. Är-aýalyň ikisini-de tutup äkiderler, garrydyr goja-da olardan sypmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Мунуң үчин мен Реббиң газабындан долудырын, гахарымы сакламакдан халыс ирдим». «Оны көчедәки чагаларың, топланан йигитлериң үстүне дөк. Әр-аялың икисини-де тутуп әкидерлер, гаррыдыр гоҗа-да олардан сыпмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 6:11
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hatda ýaşlar-da ysgyndan gaçyp, ýadaýarlar, ýaş ýigitler-de büdräp, ýykylýarlar.


Keýp çekýänleriň meýlisinde oturmadym, şatlanmadym men. Seniň eliň üstümde bolup, meni gazapdan dolduranyň üçin ýalňyz özüm oturdym,


«Sen Meni ret etdiň, yza tesdiň. Men hem elimi saňa garşy galdyryp, seni ýok ederin. Merhemet etmekden halys ýadadym. Muny Reb aýdýandyr.


Munuň üçin çagalaryny açlyga ber, kesgir gylyja tabşyr. Aýallary perzentsiz dul galsyn, erkeklerini ajal alsyn, ýaş ýigitleri söweşde gylyçdan ölsün.


Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.


Bu zatlar üçin Men olary jezasyz galdyrarynmy? Janym beýle milletden öç almazmy?» Muny Reb aýdýandyr.


Munuň üçin Men – Hökmürowan Reb şeýle diýýärin: „Ine, Men gahar-gazabymy bu ýeriň, ynsandyr haýwanlaryň, meýdandaky agaçlaryň, topragyň hasylynyň üstüne dökerin. Ol ot bolup tutaşar we söndürilmez“.


Eý, aýallar, Rebbiň sözüni eşidiň, agzyndan çykýan söze gulak asyň. Gyzlaryňyza ýas tutmagy, goňşyňyza agy aýtmagy öwrediň.


Köçelerden çagalary, meýdançalardan ýaş ýigitleri gyryp taşlamak üçin, ölüm penjirelerimize dyrmaşyp, galalarymyza girdi.


Terk etdi Taňrym ähli urşujylarymy, goşun çagyrdy gyrmak üçin ýigitlerimi. Taňry Ýahuda boý gyzyny üzüm sykýan dek sykyp ýençdi.


Ýaşy-garrysy ýoluň üstünde ýatyr, gyzlarymdyr ýigitlerimi gylyçdan geçirdiler. Gaharyň gelen güni Sen olary öldürdiň, rehimsizlik bilen baryny gyrdyň.


«Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“.


Ruh meni ýokary göterip, bu ýerden alyp gitdi. Rebbiň eli meniň üstümde berk durdy we janym gahardan dolup, men gaýgy-hasratda gitdim.


Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Garnyňy doýur, bu kagyzdan içiňi doldur; muny saňa berýärin» diýdi. Onsoň men ony iýdim, ol agzymda bal ýaly süýjüdi.


Gojalary, ýigitleri, boý gyzlary, çagalar bilen aýallary öldüriň, emma maňlaýynda bellik bolanlara golaýlaşmaň. Meniň mukaddes öýümden başlaň» diýdi. Olar-da öýüň öňündäki ýaşululardan başladylar.


Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň Ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn.


Size şuny aýdýaryn: şol gije bir düşekde iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar.


Pawlus Afinyda Silas bilen Timoteosa garaşýarka, şäheriň butlardan doludygyny görüp, ýüregi gyýyldy.


Silas bilen Timoteos Makedoniýadan gelenlerinden soň, Pawlus tutuş wagtyny Isa hakdaky habary wagyz etmäge bagyşlady. Ol ýahudylara Isanyň Mesihdigi barada şaýatlyk etdi.


Biz-ä görüp-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýip jogap berdiler.


Şondan soň men ybadathanadan ýedi perişdä: «Gidiň-de, Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käsäni ýeriň ýüzüne döküň!» diýen batly sesi eşitdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ