Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 6:10 - Mukaddes Kitap

10 «Olar eşider ýaly men kime aýdaýyn, kime duýduryş bereýin? Serediň, olaryň gulaklary gapyk, eşitmeýärler. Olar Rebbiň sözünden hoşal bolmaýarlar, gaýtam, ony ýaňsylaýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 «Олар эшидер ялы мен киме айдайын, киме дуйдурыш берейин? Середиң, оларың гулаклары гапык, эшитмейәрлер. Олар Реббиң сөзүнден хошал болмаярлар, гайтам, оны яңсылаярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 6:10
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men barada pyşyrdaşýar meni ýigrenýänleriň bary, maňa garşy ýaman niýet edýärler.


Emma Musa Rebbe: «Görýäňmi, entek ysraýyllar meni diňlänok, onsoň faraon maňa nädip gulak assyn, men bir dilsiz-agyzsyz adam ýaly ahyryn» diýdi.


Ol köp zatlary görýär, emma üns bermeýär, gulaklary açyk, ýöne eşitmeýär.


Biziň habarymyza kim ynandy? Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýdi: «Git-de, ýahuda halky bilen Iýerusalimiň ilatyna şeýle diý: „Siz Meniň sözlerimi diňläp, hiç bir sapak aljak dälmisiňiz? Muny Reb aýdýandyr.


Eý, ýahuda halky we Iýerusalim ilaty, Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläp, özüňizi Maňa bütinleý bagyş ediň. Ýogsam pis işleriňiz sebäpli Men gazabymy ot kimin lowladaryn, ony hiç kim söndürip bilmez».


Eý, gözli bolup görmeýän, gulakly bolup eşitmeýän nadan hem düşünjesiz halk, indi muňa gulak as:


Bu nejis zatlaryň ählisini etdiňiz; muny Reb aýdýandyr. Men size öwran-öwran aýdanymda gulak asmadyňyz, sizi çagyranymda jogap bermediňiz.


Emma halk Meni diňlemedi, Maňa gulak asmady, gaýtam boýnuýogynlyk edip, ata-babalaryndan hem beter pislik etdi“.


Müsüri, Ýahudany, Edomy, ammonlary, Mowaby we çölde ýaşaýan gyrçuw sakgallylaryň hemmesini jezalandyraryn. Çünki bu milletleriň ählisi sünnetsiz, tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz».


Emma ysraýyl halky seni diňlemek islemez, olar hatda Meni-de diňlemek islemeýärler; çünki bütin ysraýyl halky keçjal we doňýürekdir.


Gözegçi ýurduň üstüne gylyjyň gelýändigini görende, halka duýduryş bermek üçin surnaý çalar.


Dogry ýola düşer ýaly, erbet adamy öz ýolundan habardar etseň, emma ol şonda-da öz ýolundan dönmese, ol etmişi sebäpli öler, emma sen öz janyňy halas edersiň.


Onsoň Beýteldäki Amazýa ruhany Ysraýylyň patyşasy Ýarobgama şeýle habar ýollady: «Amos ysraýyl halkynyň arasynda saňa garşy dildüwşük gurady. Ýurt onuň munça sözlerini göterip bilmez.


Ýahýa fariseýleriň we saddukeýleriň ençemesiniň çümdürilmek üçin öz ýanyna gelýändiklerini görende, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?


Töwrat mugallymlaryň biri Oňa: «Eý, Mugallym! Sen bu zatlary aýtmak bilen, biziň hem göwnümize degýärsiň» diýdi.


Töwrat mugallymlary bilen ýolbaşçy ruhanylar Ony şol wagtyň özünde tutmagyň ýoluny agtardylar, sebäbi Onuň bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Emma olar halkdan gorkýardylar.


Dünýä sizi ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, sebäbi Men onuň işleriniň erbetdigine şaýatlyk edýärin.


Muny diňläp duran fariseýleriň käbiri Ondan: «Eýsem bizem körmi?» diýip soradylar.


Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz.


Onsoň ol dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýükleme!» diýdi. Şu sözleri aýdyp, ol jan berdi.


Bütin kalbym bilen Hudaýyň Kanunyndan lezzet alsam-da,


Emma şu güne çenli Reb size düşünmegiňiz üçin akyl, görmegiňiz üçin göz, eşitmegiňiz üçin gulak bermedi.


Şeýlelikde, biz hemmelere Mesih hakda wagyz edýäris. Olary Mesihiň bedeniniň kämil agzasy hökmünde hödürlär ýaly, her bir ynsana öwüt-ündew edip, uly akyldarlyk bilen taglym berýäris.


Çünki adamlaryň sagdyn taglymaty diňläsi gelmejek zamanasy geler. Şonda olar öz höweslerine ýaraşykly, gulaklaryna-da ýakymly sözleri aýtjak öwredijileri gözlärler.


Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ