Olar senden: „Biz nirä gideli?“ diýip sorasalar, sen olara Reb şeýle diýýär diý: „Gyrgyna höküm edilenleri gyrgyna, gylyja höküm edilenleri gylyja, açlyga höküm edilenleri açlyga, sürgüne höküm edilenleri sürgüne ibererin“».
Ogullarynyň we gyzlarynyň etini özlerine iýdirerin. Janlarynyň kastyna çykan duşmanlary olary gabawa salanda, çekýän hasratlaryndan ýaňa biri-biriniň etini iýerler“.
Onsoň Sidkiýa patyşa Ýermeýany garawulhanada gabap saklamaklaryny buýurdy. Şäherde çörek bütinleý gutarýança, her gün oňa çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermeklerini buýurdy. Şeýdip, Ýermeýa garawulhanada galdy.
Bir döwüm çörek gözläp, bütin halky ah çekýär; täzeden güýje girmek üçin, hazynalaryny iýmite berýär. «Ýa Reb, ine, halyma seret, men nähili dereksiz boldum.
«Eý, ynsan ogly! Bir ýurt dönüklik edip, Maňa garşy günä edende, oňa garşy elimi uzadyp, olary bir döwüm çörege zar ederin. Üstüne açlyk iberip, ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlaryn.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimdäki ynsanlary we haýwanlary ýok etmek üçin üstlerine dört agyr hökümimi: gylyç, açlyk, ýyrtyjy haýwanlar we mergi ýollanymda, olaryň ýagdaýy has çökder bolar.
«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Dördünji, bäşinji, ýedinji hem-de onunjy aýlardaky agyz bekleýän günleriňiz ýahuda halky üçin şatlyk-şagalaň, dabaraly baýramçylyklar bolar. Şoňa görä hakykaty hem parahatlygy söýüň“».