Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 52:4 - Mukaddes Kitap

4 Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar tutuş goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, daş-töwereginde ýapgyt gurdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Сидкияның патышалыгының докузынҗы йылының онунҗы айының онуна Бабыл патышасы Небукаднесар тутуш гошуны билен Иерусалиме хүҗүм эдип, онуң гаршысында дүшелге гурды. Олар Иерусалиме гирмек үчин, даш-төверегинде япгыт гурдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 52:4
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Daş-töweregiňde düşelge guraryn, töweregiňe gabaw diňler gurup, seni gabaryn, garşyňa berkitmeler dikerin.


«Babyl patyşasy Nebukadnesaryň garşymyza uruşýandygy sebäpli biziň üçin Rebbe ýalbarsana. Belki, Reb biziň üçin Öz ajaýyp gudratlarynyň birini görkezip, Nebukadnesary ýurdumyzdan kowar» diýdi.


Ine, duşmanlar şäheri ele salmak üçin ýapgytlar gurdular. Gylyç, açlyk we mergi sebäpli şäher öz garşysyna söweşýän babyllylaryň eline berildi. Öz görşüň ýaly, Seniň aýdanlaryň ählisi berjaý boldy.


Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny, öz golastynda bolan bütin dünýädäki patyşalyklar we halklar bolup, Iýerusalim bilen onuň şäherleriniň garşysyna urşup ýörkäler, Ýermeýa Rebden şu söz geldi:


Iýerusalim basylyp alnanda, Ýermeýa heniz-de şol ýerdedi. Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynda Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny bilen Iýerusalimiň üstüne ýöriş edip, onuň daşyny gabady.


Olar ekin sakçylary ýaly onuň daş-töweregini gabarlar, çünki Iýerusalim Maňa garşy baş galdyrdy. Muny Reb aýdýandyr.


Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykyldy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gabasalar-da, ähli esgerler gije patyşanyň bagynyň ýolundan, iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Araba düzlügine tarap gaçyp gitdiler.


Onuň sag elinde Iýerusalimi görkezýän pal bar. Onda diwar ýykýan pürsleri ýerleşdirmek, ölüm buýrugyny bermek, söweş nagralaryny çekmek, derwezeleri ýumrujy gurallary goýmak, berkitmeler we diwara çykmak üçin ýapgytlar gurmak barada aýdylýar.


Weýran! Weýran! Şäheri weýran ederin! Höküm çykarýan gelýänçä, bu başa barmaz. Soňra Men şäheri oňa bererin».


Eý, Sur galasy, olar saňa garaşly şäherlerde ýaşaýanlary gylyçdan geçirerler, garşyňa berkitmeler salyp, diwaryňa çykmak üçin ýapgytlar gurarlar we galkanlaryny seniň garşyňa goýarlar.


Sürgünde bolýan wagtymyzyň on ikinji ýylynyň onunjy aýynyň bäşine Iýerusalimden gaçyp gutulan bir adam meniň ýanyma gelip: «Şäher basylyp alyndy» diýdi.


Sürgünde bolýan wagtymyzyň ýigrimi bäşinji ýylynyň birinji aýynyň onuna Iýerusalim şäheriniň ýykylmagynyň on dördünji ýyly, edil şol gün Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol meni şol ýere äkitdi.


Men siziň ýurduňyzda uruş turzaryn. Ähtimi bozanlygyňyz üçin, Men size hökman jeza bererin. Eger siz galalaryňyzda gaçyp gizlenseňiz, Men siziň araňyza gyrgyn keselini ibererin. Şeýdip, Men sizi duşmanyňyzyň eline bererin we olar siziň üstüňizden höküm sürerler.


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Dördünji, bäşinji, ýedinji hem-de onunjy aýlardaky agyz bekleýän günleriňiz ýahuda halky üçin şatlyk-şagalaň, dabaraly baýramçylyklar bolar. Şoňa görä hakykaty hem parahatlygy söýüň“».


Seniň başyňa şeýle bir günler geler: duşmanlaryň daş-töweregiňe garymlar gazyp, seni gabarlar, her ýandan gysyp-gowrarlar.


Goşunlaryň Iýerusalimi gabandygyny gören çagyňyz, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýlandygyny biliň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ