Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 52:3 - Mukaddes Kitap

3 Rebbiň Iýerusalime we ýahuda halkyna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Реббиң Иерусалиме ве яхуда халкына гаршы болан гахары туташярды. Ол шонуң үчин олары Өз хузурындан ковды. Сидкия Бабыл патышасына гаршы уруш турузды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 52:3
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, bu gün Sen meni mes toprakly ýerden kowduň. Men Seniň huzuryňdan gizlenip, ýer ýüzünde gaçgak we sergezdan bolaryn. Maňa duşan, meni öldürer» diýdi.


Soňra Kabyl Rebbiň huzuryndan gidip, Eremiň gündogaryndaky Not ýurdunda mesgen tutdy.


Rebbiň Ysraýyla ýene gaty gahary geldi-de: «Bar, Ysraýyl bilen Ýahudanyň adam sanyny bil» diýip, Dawudy olaryň garşysyna öjükdirdi.


Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi».


Reb Ysraýyla garşy gahardan ýaňa lowlap, olary ret etdi. Ýahuda tiresinden başga ýekeje adam-da galmady.


Reb bütin Ysraýyl nesillerinden ýüz dönderdi. Ol olary jezalandyryp, talaňçylaryň eline berdi. Şeýdip, Reb olaryň baryny Öz huzuryndan ýok etdi.


Rebbiň Iýerusalime we Ýahuda halklaryna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.


Şeýle hem Sidkiýa özüne Hudaýdan ant içiren Babyl patyşasy Nebukadnesara garşy gozgalaň turuzdy. Sidkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrülmejek bolup, boýnuýogynlyk etdi, ýüregini gatatdy.


Ata-babalaryňyzyň taryh ýazgylaryny barladyň. Taryh ýazgylarynda siz bu şäheriň pitneçi, patyşalara we welaýat häkimlerine zyýanly şäherdigine göz ýetirersiňiz. Irki döwürlerde-de bu şäherde gozgalaňlar turupdyr. Şol sebäplem ol haraba öwrüldi.


Ýurt gozgalaň etse, serdary köpelýändir, aň-düşünjeli adam arkaly bolsa, abadanlyk dowam edýändir.


Eý, juwan patyşaly, hökümdarlary ertirine meýlis gurýan ýurt, dat günüňe!


Müsürlileri zalym hojaýynyň eline bererin, rehimsiz patyşa höküm sürer üstlerinden». Muny Hökmürowan Taňry Reb aýdýandyr.


Ine, Hökmürowan Taňry Reb Iýerusalimden, Ýahudadan ýardamy we azygy, nany we suwy keser.


Sen harby ukybyň we güýç-kuwwatyň gürrüňini edýärsiň, emma olar boş sözlerdir. Sen kime bil baglap, meniň garşyma gozgalaň turuzdyň?


Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin!


Ähli garyndaşlaryňyzy, tutuş efraýym nesillerini kowşum ýaly, sizi hem huzurymdan kowaryn“.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ