Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 52:24 - Mukaddes Kitap

24 Baş ruhany Seraýa bilen ikinji ruhany Sepanýany hem-de üç sany gapy sakçysyny janpenalaryň baştutany Babyla ýesir edip äkitdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Баш руханы Серая билен икинҗи руханы Сепаняны хем-де үч саны гапы сакчысыны җанпеналарың баштутаны Бабыла есир эдип әкитди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 52:24
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bagala, Aşera we ähli asman jisimlerine sežde etmek üçin edilen gap-gaçlaryň baryny Rebbiň ybadathanasyndan çykarmak barada Ýoşyýa patyşa baş ruhany Hilkiýa, ikinji derejeli ruhanylara we gapy sakçylaryna tabşyryk berdi. Onsoň şol gap-gaçlaryň baryny Iýerusalimiň daşynda, Kidron deresinde ýakyp, olaryň külüni Beýtele äkitdiler.


Janpenalaryň baştutany baş ruhany Seraýa bilen ikinji ruhany Sepanýany hem-de üç sany gapy sakçysyny Babyla ýesir edip äkitdi.


Bu wakalardan soň Pars patyşasy Artakserksiň döwründe Ezra Babyldan çykdy. Ol Seraýanyň ogludy. Seraýa Azarýanyň, Azarýa Hilkiýanyň, Hilkiýa Şallumyň, Şallum Sadognyň, Sagdok Ahytubyň, Ahytup Amarýanyň, Amarýa Azarýanyň, Azarýa Meraýodyň, Meraýot Zerahýanyň, Zerahýa Uzynyň, Uzyny Bukynyň, Buky Abyşuwaň, Abyşuwa Pinehasyň, Pinehas Elgazaryň, Elgazar baş ruhany Harunyň ogludy. Ol Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Musa beren kanunyndan oňat baş çykarýan, ökde mürzedi. Patyşa oňa soran zatlarynyň hemmesini berdi, çünki Hudaýy Reb ony goldaýardy.


Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly, Ol Özünden gorkýanlary dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar!


Çünki Reb şeýle diýýär: „Men seniň özüňi we dost-ýarlaryň baryny howp astyna salaryn. Olaryň duşman gylyjyndan heläk bolşuny öz gözleriň bilen görersiň. Men tutuş Ýahudany Babyl patyşasynyň eline bererin. Bu patyşa olary Babyla äkider we gylyçdan geçirer.


Patyşa Sidkiýa Malkyýanyň ogly Paşhur bilen Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny Ýermeýanyň ýanyna iberende, Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy. Paşhur bilen Sepanýa oňa:


Sepanýa ruhany bu haty Ýermeýa eşitdirip okady.


Ýahuda patyşasy Sidkiýany öz emeldarlary bilen birlikde janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline, sizden häzirlikçe yza çekilen Babyl patyşasynyň goşunynyň eline bererin.


olary Hudaýyň adamy bolan Ýygdalýanyň ogly Hananyň ogullarynyň Rebbiň öýündäki otagyna getirdim. Bu otag ýolbaşçylaryň otagynyň gapdalynda, gapy sakçysy Şallumyň ogly Magaseýanyň otagynyň ýokarsyndady.


Sidkiýa patyşa Şelemýanyň ogly Ýehukalyny we Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny şeýle habar bilen Ýermeýa pygamberiň ýanyna iberdi: «Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe ýalbarsana!»


Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onuna şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi.


Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň garyplaryny, şäherde aman galanlary, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklary we aman galan senetkärleri ýesir edip äkitdi.


Rebbiň Özi olary dargatdy, Reb indi olara nazar salmaz. Ruhanylaryna hormat goýulmaz, ýaşulularyna rehim edilmez.


Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siziň gylyçdan geçirip taşlanlaryňyz et, bu şäher bolsa gazandyr, emma siz onuň içinden çykarylarsyňyz.


Süriniň iň saýlamasyndan al. Gazanyň aşagyndaky odunlary üýşür, gazany mazaly gaýnat, içindäki omaçalar bişsin“».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men çopanlara garşydyryn! Sürim üçin olardan hasabat soraryn we indi goýun bakdyrmagy goýduraryn. Gaýdyp, çopanlar özlerini bakmazlar; Men goýunlarymy olara iýmit bolmaz ýaly agyzlaryndan halas ederin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ