Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 52:18 - Mukaddes Kitap

18 Olar ybadathana hyzmaty üçin ulanylýan gazanlary, pilçeleri, ätişgirleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary we beýleki bürünç gap-gaçlaryň baryny alyp gitdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Олар ыбадатхана хызматы үчин уланылян газанлары, пилчелери, әтишгирлери, легенлери, якымлы ыслы түтетги якмак үчин уланылян гаплары ве бейлеки бүрүнч гап-гачларың барыны алып гитдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 52:18
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hiram şeýle hem gazanlar, kül atarlar, legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, on arabany, arabalaryň üstündäki on legeni, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Hiram Rebbiň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady.


Gazanlar, kül atarlar, legenler we Hiramyň Rebbiň öýi üçin Süleýman patyşa ýasap beren gaplarynyň bary ýalpyldawuk bürünçdendi.


sap altyndan ediljek çarşaklara, legenlere, küýzelere, jamlara sarp ediljek altynyň agramynyň, kümüş jamlara sarp ediljek kümşüň agramynyň,


Huramaby şeýle hem, gazanlar, kül atarlar we legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, arabalary, arabalaryň üstündäki legenleri, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Huramaby Hudaýyň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady.


Gazanlar, kül atarlar, çarşaklar we Huramabynyň Rebbiň öýi üçin Süleýman patyşa ýasap beren enjamlary ýalpyldawuk bürünçdendi.


Ol on sany hantagta ýasap, olary ybadathanada – bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini-de demirgazyk tarapda goýdy. Ol ýüz sany altyn legen ýasady.


Ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, sadaka hökmünde şerap bermek üçin küýzeler we şakäseler ýasat. Olar sap altyndan bolsun.


Gurbanlyk sypasy üçin kül gaplary, kül atarlar, legenler, çarşaklar we maňňallar ýasa. Olaryň hemmesi bürünçden bolsun.


Hantagtada goýar ýaly sap altyndan gap-gaçlary: ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, içgi sadakasy üçin şakäseler we küýzeler ýasady.


Çyradana ýedi çyra dakdy. Onuň müçenegini we nowasyny sap altyndan ýasady.


Ol gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny: kül gaplary, kül atarlary, legenleri, çarşaklary we maňňallary ýasady. Olaryň hemmesini bürünçden ýasady.


Onuň üstüne gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny, ýagny ybadat edilende ulanylýan maňňallary, çarşaklary, kül atarlary, legenleri goýup, üstüne saýlama deriden edilen ýapynjany ýapsynlar we syryklaryny ýerine oturtsynlar.


Hödür çörekleri goýulýan hantagtanyň üstüne gök keteni ýazyp, onuň üstünde tabaklary we jamlary, içgi sadakasy üçin küýzeleri we şakäseleri goýsunlar. Hemişelik çörek hem onuň üstünde bolsun.


Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.


Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.


Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.


Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.


Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.


Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ