Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:9 - Mukaddes Kitap

9 Biz Babyla şypa berjek bolduk, ýöne ol şypa tapmady! Ony taşlaň, gideliň! Her kim öz ýurduna gitsin! Onuň agyr hökümi göklere ýetdi, bulutlara çenli beýgeldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Биз Бабыла шыпа берҗек болдук, йөне ол шыпа тапмады! Оны ташлаң, гиделиң! Хер ким өз юрдуна гитсин! Онуң агыр хөкүми гөклере етди, булутлара ченли бейгелди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:9
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Rebbiň bir pygamberi bardy, onuň ady Odetdi. Odet Samariýa gelen goşunyň ýanyna gelip, olara şeýle diýdi: «Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Reb Ýahuda gazaplanany üçin olary siziň eliňize berdi. Emma siz göge ýeten gazap bilen olary öldürdiňiz.


«Eý, Hudaýym, Saňa ýüzlenmäge utanýaryn! Çünki günämiz başymyzdan agdy, ýazygymyz beýgelip göge ýetdi.


Kowalanýan jeren kimin, çopansyz goýunlar kimin, her kes öz halkyna, her kişi öz ýurduna gaçar.


Ine, bile zähmet çekişenler, ýaşlygyňdan seniň bilen iş salşanlar nähili bolup çykýarlar; öz ýoluna rowanadyr olaryň hersi, halas eden bolmaz seni.


Köp esgerler büdredi, biri-biriniň üstüne ýykylyp: „Turuň, zalym gylyçdan gaçyp, öz halkymyza, dogduk mekanymyza dolanalyň“ diýdiler.


Hakyna tutulan esgerleri baga bakylan öküz kimin bolsa-da, olar-da yza dönüp, bilelikde gaçdylar. Öz orunlarynda durup bilmediler. Çünki başlaryna heläkçilik günleri, jezalandyryljak günleri ýetip geldi.


Ekin ekeni, orak döwri orakçyny Babyldan ýok ediň. Zalym gylyjyň zarbyndan gaçyp, her kim öz halkyna tarap öwrülsin, her kim öz ýurduna gaçsyn.


Halk: «Orak döwri ötdi, tomus gutardy, emma biz halas bolmadyk» diýýär.


Olaryň dat gününe! Çünki Menden daşlaşdylar. Bela insin başlaryna! Çünki Maňa garşy baş göterdiler. Men olary halas ederdim. Ýöne olar Men barada ýalan söz aýtdylar.


Onsoň men gökden başga bir ses eşitdim. Ol şeýle diýýärdi: «Eý, halkym! Onuň günälerine şärik bolmaz ýaly, onuň belalaryna uçramaz ýaly, ol ýerden çyk.


Çünki onuň günäleri beýgelip göge ýetdi, Hudaý onuň jenaýatlaryny ýatlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ