Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:8 - Mukaddes Kitap

8 Babyl duýdansyz ýykylyp kül boldy, onuň üçin perýat ediň! Ýarasyna melhem çalyň, belki-de, şypa tapar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Бабыл дуйдансыз йыкылып күл болды, онуң үчин перят эдиң! Ярасына мелхем чалың, белки-де, шыпа тапар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:8
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol.


Munuň üçin başyňa bela geler, jadygöýlik bilen halas edip bilmersiň; başyňa betbagtçylyk iner, öňüni alyp bilmersiň sen onuň; duýdansyz üstüňe geler oslamaýan weýrançylygyň.


Bularyň ikisi-de bir günde, duýdansyz başyňa geler: perzentleriňden aýrylarsyň, dul galarsyň. Gözbagçylar köpem bolsa, jadygöýleriň bolam bolsa, bularyň bary başyňa geler.


Eý, biçäre Müsür halky, Gilgada git-de, melhem al! Dermany köp içmegiň puçdur; seniň derdiňe şypa ýokdur.


Mowap masgara boldy, ol derbi-dagyn edildi. Perýat et we agla! Mowabyň weýran bolandygyny Arnonda yglan et.


Şol sebäpli Mowap üçin ahy-nala çekerin, bütin Mowaba dady-perýat ederin, Kirharaset halky üçin ýas tutaryn.


«Milletler arasynda yglan ediň, olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň. Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň: „Babyl basylyp alyndy, Bel hudaýy utanja galdy, Merodak hudaýy bölek-bölek edildi. Onuň heýkelleri masgara boldy, nejis butlary parçalandy“.


Wah! Şeşak basylyp alyndy! Wah! Bütin dünýäniň şöhraty ele salyndy! Babyl milletler arasynda howpa öwrüldi!


Gilgatda melhem ýokmudyr? Ol ýerde tebip ýokmudyr? Onda näme üçin biçäre halkymyň ýarasyna em edilmeýär?


«Eý, ynsan ogly! Muny pygamberlik et-de, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Siz ‘Ol gün üçin waý!’ diýip perýat ediň.


Şonuň üçin hem Ol bir el goýberip, şeýle ýazgyny ýazdyrdy.


Patyşalygy altmyş iki ýaşly madaýly Darýuş eline aldy.


Derdiňe derman bolmaz, ýaralaryň gutulmaz, seniň başyňa gelenini eşiden her kes begenjinden el çarpar. Çünki seniň dynuwsyz zulumyňdan heý, gaçyp gutulan boldumy?


Onuň yzyndan uçup gelýän ikinji perişde şeýle diýýärdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Öz azgyn hyjuwlarynyň şerabyny ähli milletlere içirdi».


Perişde batly gygyryp, şeýle diýdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň mesgenine öwrüldi, ähli arwahlaryň sürenine öwrüldi, dürli haram we nejis guşlaryň penasyna öwrüldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ