Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:62 - Mukaddes Kitap

62 Onsoň şeýle diý: „Ýa Reb, bu ýeri ýok etjekdigiňi, onda ynsan-da, haýwan-da ýaşamajakdygyny, ýurduň ebedilik harabaçylyga öwrüljekdigini Özüň aýtdyň“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

62 Онсоң шейле дий: „Я Реб, бу ери ёк этҗекдигиңи, онда ынсан-да, хайван-да яшамаҗакдыгыны, юрдуң эбедилик харабачылыга өврүлҗекдигини Өзүң айтдың“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:62
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýetmiş ýyldan soň, Men Babyl patyşasyny, onuň milletini we babyllylaryň ýurduny etmişleri üçin jezalandyraryn, ony ebedilik harabaçylyga öwrerin. Muny Reb aýdýandyr.


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ynsansyz we haýwansyz haraba bolup galan bu ýerde, onuň ähli şäherlerinde ýene çopanlaryň öz sürülerini bakjak ýaýlalary bolar.


Emma siziň ene ýurduňyz utanja galar, göbek ganyňyz daman ýeri aýak astyna salnar. Ine, ol milletler içinde iň ähmiýetsizi bolup: çöllüge, gurak ýere we çola ýurda öwrüler.


Ol Rebbiň gazabyndan ýaňa ilatsyz galyp, bütinleý harabalyga öwrüler. Babyldan geçenler onuň ýaralaryna haýran bolup sykylyk çalarlar.


Çünki demirgazykdan bir millet oňa garşy çykar, ol onuň ýurduny harabaçylyga öwrer, onda hiç kim ýaşamaz. Ynsan-da, haýwan-da ondan gaçyp gider».


Ýurt titräp, lerzana gelýär! Çünki Babyl ýurduny ilatsyz haraba öwürmek baradaky Rebbiň niýeti amala aşýar.


Babyl daş üýşmeklerine, şagallar sürenine öwrüler, howp we ryswaçylyga dönüp, ol ýerde hiç kim ýaşamaz.


Onuň şäherleri weýran boldy, ýurdy hiç kim ýaşamaýan, hiç bir ynsan geçmeýän gurak bir çöle döndi.


Ýermeýa Seraýa şeýle diýdi: «Babyla baranyňda, bu sözleriň ählisini halka okap bermegi unutma.


Seni ebedilik harabaçylyga öwrerin, galalaryň ilatsyz bolar. Onsoň sen Meniň Rebdigimi bilersiň“».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ