Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:6 - Mukaddes Kitap

6 Babyldan gaçyň, her kim janyny halas etsin! Onuň ýazygy sebäpli heläk bolmaň, çünki bu Rebbiň öç aljak wagtydyr, Babylyň almytyny berjek Oldur.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Бабылдан гачың, хер ким җаныны халас этсин! Онуң языгы себәпли хеләк болмаң, чүнки бу Реббиң өч алҗак вагтыдыр, Бабылың алмытыны берҗек Олдур.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:6
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Geliň, Rebbe nagma aýdaly, halas edýän gaýamyza şatlanyp, aýdym aýdaly.


Akyldarlar bilen ýöreýän akylly bolar, akmak bilen gatnaşýan zyýana galar.


Babyldan çykyň, kesetlerden gaçyň, muny şatlykly owaz bilen aýan ediň, jar ediň, aňry çetine ýetsin zeminiň; «Reb bendesi Ýakuby azat etdi!» diýiň.


Öç alyş güni ýüregimdedi, halas etjek ýylym gelipdi.


Çünki köp milletler we beýik patyşalar olary gula öwrerler. Men olara etmişlerine görä, elleriniň işine görä almytlaryny bererin“».


Olar ony içip, ikiýana yranarlar we aralaryna iberjek gylyjymdan dälirärler».


Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler.


Bu gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň günüdir; bu gün ýagylaryndan ar alynýan öç günüdir; gylyç olary iýip doýar, ganlaryny içip serhoş bolar; çünki demirgazyk ýurdunda, Ýewfradyň kenarynda Hökmürowan Taňry Rebbe gurbanlyk berilýär.


Gaçyň! Janyňyzy halas ediň, çöldäki ýylgyn kimin boluň.


Töwerek-daşdan oňa gygyryşyň, ol boýun egdi; onuň minaralary ýykyldy, diwarlary ýer bilen ýegsan boldy. Bu Rebbiň öjüdir, ondan öç alyň. Özi näme eden bolsa, oňa hem şony ediň.


Babyldan gaçyp gutulanlar Hudaýymyz Rebbiň öjüni, Onuň ybadathanasynyň öjüni Sionda yglan edýärler, Olaryň seslerini eşidiň!


Eý, tekepbir, Men saňa garşydyryn, muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çünki seniň günüň doldy, seni jezalandyrjak wagtym gelip ýetdi.


Babyldan gaçyp gutulyň, babyllylaryň ýurdundan çykyň, süriniň öňüni çekýän erkeç kimin boluň.


Oklary ýiteldiň, sagdaklary dolduryň! Reb madaýlaryň patyşalarynyň ruhuny oýardy; Onuň maksady Babyly ýok etmekdir, Reb Öz öjüni – ybadathanasynyň öjüni alar.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Men seniň hakyňy alyp bererin, seniň öjüňi alaryn, Babyl deňzini takyradaryn, çeşmesini guradaryn.


Eý, halkym, ol ýerden çyk, Rebbiň gahar-gazabyndan hemmäňiz janyňyzy halas ediň.


Eý, gylyçdan gaçyp gutulanlar, gidiň, saklanmaň! Rebbi uzak ýurtda ýatlaň Iýerusalim hakda oýlanyň.


Babylyň garşysyna heläkleýji çykdy, onuň batyr ýigitleri ele salyndy, ýaýlary bölek-bölek boldy, çünki Reb öç alýan Hudaýdyr; onuň etmişiniň almytyny berer.


Biz Babyla şypa berjek bolduk, ýöne ol şypa tapmady! Ony taşlaň, gideliň! Her kim öz ýurduna gitsin! Onuň agyr hökümi göklere ýetdi, bulutlara çenli beýgeldi.


Olaryň elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekdir, ýa Reb!


Onsoň Musa halka ýüzlenip: «Ol azgynlaryň çadyrlarynyň golaýyna barmaň we olaryň hiç bir zadyny-da ellemäň, ýogsam olaryň günäleri zerarly sizem ýok bolarsyňyz» diýdi.


Ýigit ýa-da gyz bolsun, emýän körpe ýa çal goja, parhy ýok, daşarda gylyç heläk eder, içerde olary gorky öldürer.


Men lowurdaýan gylyjymy çarhlap, höküm etmek üçin elime alsam, duşmanlarymdan ar alaryn, Meni ýigrenýänleň jezasyny bererin.


Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, olary günäsinden saplar».


Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.


Beýik şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri weýran boldy. Hudaý Babyl şäherini ýada salyp, gahar-gazabyndan doly şeraply käsesinden bu şähere içirdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ