Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:56 - Mukaddes Kitap

56 Babylyň garşysyna heläkleýji çykdy, onuň batyr ýigitleri ele salyndy, ýaýlary bölek-bölek boldy, çünki Reb öç alýan Hudaýdyr; onuň etmişiniň almytyny berer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

56 Бабылың гаршысына хеләклейҗи чыкды, онуң батыр йигитлери эле салынды, яйлары бөлек-бөлек болды, чүнки Реб өч алян Худайдыр; онуң этмишиниң алмытыны берер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:56
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ýakubyň Gudratly Hudaýy, Ysraýylyň Çopany, Gaýasy tarapyndan onuň ýaýy berk, gollary gujurly edildi.


Reb meniň arymy alar; ýa Reb, Seniň söýgiň ebedi galar, Öz elleriňiň işini Sen terk eýleme.


Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý, Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý.


Muşakgatly günümde Taňryny agtarýaryn, gollarymy gijesine dynuwsyz göge gerýärin, meniň janym tesellini kabul etmeýär.


Bir gorkunç görnüş aýan boldy, haýyn haýynlyk edýär, talaňçy talaýar. Hüjüm et, eý, Eýlam! Gaba, eý, Madaý! Babyl sebäpli bolan nalyşlaryň soňuna çykaryn.


Rebbiň öç güni, Sionyň ynjamasyndan ar alyş ýyly bolar.


Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň.


Ol her kese işlerine görä jeza berer, ýagylaryna gazap, duşmanlaryna jeza garaşýar, adalara jeza berer.


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Eýlamyň kuwwatynyň gözbaşy bolan ýaýy döwerin.


Babyllylaryň ýurdy talaňa salnar, ony talanlaryň bary oljadan doýar. Muny Reb aýdýandyr.


Galp pygamberleriň depesinden gylyç insin! Olar akmak bolarlar. Urşujylarynyň depesinden gylyç insin! Olar tapdan düşerler.


Sionda gözüňiziň alnynda Babyl ýurdunyň we ähli babyllylaryň eden hemme ýamanlyklaryny özlerine gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr.


Babylyň batyrlary söweşmekden el çekdi, öz berkitmelerinde otyrlar, olaryň güýji gaçyp, heleý ýaly boldular, ýaşaýan ýerlerine ot berildi, derwezeleriniň kiltleri döwüldi.


Onsoň demirgazykdan gelen ýok ediji oňa hüjüm edende, asman, ýer we olardaky ähli zat Babylyň başyna gelen zatlara şatlanyp gygyryşar. Muny Reb aýdýandyr.


Babyl göklere çyksa-da, galasyny belent ýerde berkitse-de, Men üstüne ýok edijini ýollaryn».


Babyldan gaçyň, her kim janyny halas etsin! Onuň ýazygy sebäpli heläk bolmaň, çünki bu Rebbiň öç aljak wagtydyr, Babylyň almytyny berjek Oldur.


Olaryň elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekdir, ýa Reb!


Sol eliňden ýaýyňy, sag eliňden okuňy urup gaçyraryn.


Ysraýyl galalarynyň ilaty daşary çykyp ot ýakar, ähli ýaraglary, kiçi hem uly galkanlary, ýaýlary we oklary, serdesseleri we naýzalary ýakyp-ýandyrarlar; bular ýedi ýyllap oda ýakylar.


Ýaýçy ornunda berk durup bilmez, ýüwrük aýakly gaçyp gutulyp bilmez, atly-da janyny halas edip bilmez.


Çünki, Rebbiň ähli milletlere höküm etjek güni golaýlap gelýär. Eý, Edom, näme eden bolsaň, saňa-da şol bolar. Edeniň başyňa düşer.


Köp milletleri talandygyňyz üçin, ynsanlaryň ganyny döküp, ýurda, şäherlere we ilatyna sütem edendigiňiz üçin, halklaryň aman galanlary sizi talarlar.


Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“.


Hudaý adalatlydyr. Ol size jebir çekdirýänlere jebir berer,


Seniň gören on şahyň we jandar bu aýaly ýigrenerler. Olar ony tozduryp, ýalaňaçlarlar; onuň etini iýip, ony otlarlar.


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».


Güýçlüleriň ýaýy döwüldi, ejizlere kuwwat geldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ