Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:46 - Mukaddes Kitap

46 Ýurtda eşidiljek myş-myşlara ýüregiňiz tapdan düşmesin, gorkmaň. Bir ýyl bir habar geler, soňraky ýyl başga bir habar. Ýurtda zorluk höküm sürüp, bir şanyň başga bir şa garşydygy hakda gep-gürrüňler ýaýrar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

46 Юртда эшидилҗек мыш-мышлара йүрегиңиз тапдан дүшмесин, горкмаң. Бир йыл бир хабар гелер, соңракы йыл башга бир хабар. Юртда зорлук хөкүм сүрүп, бир шаның башга бир ша гаршыдыгы хакда геп-гүррүңлер яйрар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:46
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men onuň içine bir ruh ibererin welin, ol bir habar eşidip, öz ýurduna dolanar. Men ony öz ýurdunda gylyç bilen öldürderin“».


Çünki ammonlylar we mowaplylar Segir dagynyň ilatyna hüjüm edip, olary bütinleý ýok edipdiler. Segir dagynyň ilatynyň soňuna çykandan soň, ammonlylar we mowaplylar biri-birlerini gyrmaga başladylar.


Hudaý meniň ýüregimi ejizletdi, Gudratygüýçli meni eýmendirdi.


Agyr günde tapdan düşseň, seniň güýjüň azdyr.


«Müsürlileri biri-birine garşy öjükdirerin, dogan doganyň garşysyna, goňşy goňşusynyň garşysyna, şäher şäheriň garşysyna, patyşalyk patyşalygyň garşysyna urşar.


Gorkma, Men seniň bilendirin; perzentleriňi gündogardan, seni günbatardan getirerin.


Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün edilen ýurdundan gutararyn. Ýakup yzyna dolanyp, dynç hem asuda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz.


Gorkma, eý, gulum Ýakup, çünki Men seniň bilendirin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Emma saňa adalatly temmi bererin, seni jezasyz galdyrmaryn. Muny Reb aýdýandyr».


Bu zatlar amala aşyp başlanda, başyňyzy galdyryp, ýokary serediň, sebäbi gutulyşyňyz golaýlap gelýändir».


Üç ýüz adamyň surnaý çalan wagtyndan başlap, Rebbiň emri bilen düşelgedäki midýanlar biri-birini gylyçlap öldürdiler. Midýanlaryň goşuny Serera tarap Beýtşitta çenli, Tabadyň golaýyndaky Abelmeholanyň serhedine gaçdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ