Biz Babyla şypa berjek bolduk, ýöne ol şypa tapmady! Ony taşlaň, gideliň! Her kim öz ýurduna gitsin! Onuň agyr hökümi göklere ýetdi, bulutlara çenli beýgeldi.
Onsoň Musa halka ýüzlenip: «Ol azgynlaryň çadyrlarynyň golaýyna barmaň we olaryň hiç bir zadyny-da ellemäň, ýogsam olaryň günäleri zerarly sizem ýok bolarsyňyz» diýdi.
Onsoň men gökden başga bir ses eşitdim. Ol şeýle diýýärdi: «Eý, halkym! Onuň günälerine şärik bolmaz ýaly, onuň belalaryna uçramaz ýaly, ol ýerden çyk.