Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:44 - Mukaddes Kitap

44 Babyl hudaýy Beli jezalandyraryn, ýuwudanyny gusduraryn, milletler gaýdyp oňa tarap eňmezler, Babylyň diwary ýykylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

44 Бабыл худайы Бели җезаландырарын, ювуданыны гусдурарын, миллетлер гайдып оңа тарап эңмезлер, Бабылың дивары йыкылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:44
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nebukadnesar Rebbiň öýündäki gap-gaçlary hem Babyla äkidip, olary özüniň Babyldaky köşgünde goýdy.


Baýlygy ýuwudyp, ýene gusýarlar ony, Hudaý ony içlerinden çykarýar.


Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.


Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol.


Şonda olary görüp, ýüzüň ýagtylar, şatlykdan tirpildär ýüregiň, çünki baýlyk deňiz üsti bilen saňa getiriler, milletleriň baýlygy saňa geler.


Töwerek-daşdan oňa gygyryşyň, ol boýun egdi; onuň minaralary ýykyldy, diwarlary ýer bilen ýegsan boldy. Bu Rebbiň öjüdir, ondan öç alyň. Özi näme eden bolsa, oňa hem şony ediň.


«Milletler arasynda yglan ediň, olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň. Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň: „Babyl basylyp alyndy, Bel hudaýy utanja galdy, Merodak hudaýy bölek-bölek edildi. Onuň heýkelleri masgara boldy, nejis butlary parçalandy“.


Bular biderekdir, masgarabazlaň işidir; jezalandyranymda olar ýok bolarlar.


Babyl patyşasy Nebukadnesar bizi çeýnedi, bizi owradyp ýenjip, boş gaba öwürdi. Aždarha kimin ýuwutdy bizi, garnyny näz-nygmatdan doýrup, soňra bizi gusup taşlady.


Munuň üçin Meniň Babylyň butlaryny jezalandyrjak günlerim geler. Onuň tutuş ýurdy utanja galar, jesetleri ýurduň ortasynda ýere serler.


Babyl göklere çyksa-da, galasyny belent ýerde berkitse-de, Men üstüne ýok edijini ýollaryn».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Babylyň galyň diwarlary ýer bilen ýegsan bolar, onuň belent derwezeleri ýakylar, halklar biderek ýere zähmet çekerler, milletleriň der döken zähmeti oda taşlanar».


Taňry Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymy hem-de Hudaýyň ybadathanasyndaky gap-gaçlaryň bir bölegini onuň golastyna berdi. Nebukadnesar ol zatlary Şingara getirdi. Ol Hudaýyň ybadathanasyndan getirilen gap-gaçlary öz hudaýlarynyň buthanasyndaky gaznasynda goýdy.


Şonuň üçin hem men perman çykarýaryn: Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna garşy küpür geplän her bir halkyň, milletiň ýa-da urugyň el-aýagy çapylyp, öý-öwzary weýran ediljekdir. Çünki şunuň ýaly halas edip biljek başga hiç bir hudaý ýokdur».


Men Nebukadnesar öýümde rahat, köşgümde şady-horramlykda ýaşaýardym.


Sen ynsanlar arasyndan kowlup, ýabany haýwanlar bilen ýaşarsyň. Öküz ýaly ot iýersiň, gögüň çygy bilen ýuwnarsyň. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we ony Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçäň, seniň üstüňden ýedi pasyl aýlanar.


Hudaýyň oňa beren beýikliginden ýaňa ähli halklar, milletler we uruglar ondan gorkup sandyraşýardylar. Ol islän adamyny öldürip, islän kişisini-de diri goýýardy. Halanyny beýgeldip, halanyny-da peseldýärdi.


Bu sözleriň manysy şeýle: MENE Hudaý seniň patyşalygyňyň möhletini hasaplap, ony soňlady.


Patyşalygy altmyş iki ýaşly madaýly Darýuş eline aldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ