Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:37 - Mukaddes Kitap

37 Babyl daş üýşmeklerine, şagallar sürenine öwrüler, howp we ryswaçylyga dönüp, ol ýerde hiç kim ýaşamaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

37 Бабыл даш үйшмеклерине, шагаллар сүренине өврүлер, ховп ве рысвачылыга дөнүп, ол ерде хич ким яшамаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:37
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem, Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstünden Rebbiň gazaby indi. Öz gözüňiz bilen görşüňiz ýaly, olary ile elhençlik, geň-täsinlik we gülki etdi.


«Ony baýguşhana, batgalyga öwrerin, heläkçilik sübsesi bilen süpürerin» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Olar bu ýurdy elhençlige, ebedilik masgaraçylyga öwürdiler. Ondan geçýänleriň baryny gorky basar, olar geň galyp, başlaryny ýaýkarlar.


Men bu şäheri harabaçylyga öwrüp, ryswa ederin. Ol ýerden geçýänleriň baryny gorky basar we onuň başyndan inen ähli bela-beterler sebäpli oňa sykylyk çalarlar.


Ýetmiş ýyldan soň, Men Babyl patyşasyny, onuň milletini we babyllylaryň ýurduny etmişleri üçin jezalandyraryn, ony ebedilik harabaçylyga öwrerin. Muny Reb aýdýandyr.


Bu günki bolşy ýaly harabaçylyk, howp, ryswaçylyk, näletlenen ýer bolsun diýip, ondan Iýerusalime, Ýahuda şäherlerine, patyşalary bilen ýolbaşçylaryna içirdim.


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Olary gylyç, açlyk, mergi bilen kowalap, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar üçin howp salaryn. Dargadyp goýberen ähli milletlerimiň arasynda olary gargyşa, howpa, ryswaçylyga we käýinje öwrerin.


Edom howpa öwrüler, ol ýerden geçýän her kes aňk-taňk bolup, onuň betbagtlyklaryna sykylyk çalar.


Hasor şagallaryň sürenine we ebedi harabaçylyga öwrüler. Ol ýerde-de ýeke adam galmaz, hiç bir ynsan ýaşamaz».


Ýurt titräp, lerzana gelýär! Çünki Babyl ýurduny ilatsyz haraba öwürmek baradaky Rebbiň niýeti amala aşýar.


Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin.


Çünki Omry şanyň parzlaryna, Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz, geňeşlerine uýduňyz. Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin, ilatyňyzy ile ryswa ederin; halkymyň kemsitmesini çekersiňiz».


Üstüňe nejislik ýagdyryp, ile ryswa ederin, tomaşa öwrerin.


Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.


Perişde batly gygyryp, şeýle diýdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň mesgenine öwrüldi, ähli arwahlaryň sürenine öwrüldi, dürli haram we nejis guşlaryň penasyna öwrüldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ