Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:36 - Mukaddes Kitap

36 Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Men seniň hakyňy alyp bererin, seniň öjüňi alaryn, Babyl deňzini takyradaryn, çeşmesini guradaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

36 Мунуң үчин Реб шейле диййәр: «Мен сениң хакыңы алып берерин, сениң өҗүңи аларын, Бабыл деңзини такырадарын, чешмесини гурадарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:36
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki olaryň tarapyny Reb tutar, olary talany Ol talar.


Çünki olaryň Hossary güýçli, olaryň dawasyny seniň bilen Ol tutar.


Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Siziň hatyraňyza Babyla leşger ýollap, ähli babyllylary gaçgaklar hökmünde buýsanýan gämilerinde getirerin.


çuňluga: „Gura, derýalaryňy guradaryn“ diýýän,


Babyl butlar ýurdudyr, gorkunç butlar olary dälireder. Goý, onuň suwlary gurasyn, olar takyrap galsyn!


Oklary ýiteldiň, sagdaklary dolduryň! Reb madaýlaryň patyşalarynyň ruhuny oýardy; Onuň maksady Babyly ýok etmekdir, Reb Öz öjüni – ybadathanasynyň öjüni alar.


Babyldan gaçyň, her kim janyny halas etsin! Onuň ýazygy sebäpli heläk bolmaň, çünki bu Rebbiň öç aljak wagtydyr, Babylyň almytyny berjek Oldur.


Men Edomdan halkym Ysraýylyň eli bilen öç alaryn. Olar Edomda Meniň gahar-gazabym boýunça hereket ederler, onsoň olar Meniň öjümiň nämedigini bilerler“». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da, Gündogardan epgek, çölden Rebbiň ýeli öwser. Onuň çeşmesi kesiler, guýusy gurap galar. Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».


Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär.


Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“.


Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, olary günäsinden saplar».


Altynjy perişde käsesini beýik Ýewfrat derýasyna dökdi. Gündogardan gelýän patyşalaryň ýolunyň açylmagy üçin, derýanyň suwy gurady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ