Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:34 - Mukaddes Kitap

34 Babyl patyşasy Nebukadnesar bizi çeýnedi, bizi owradyp ýenjip, boş gaba öwürdi. Aždarha kimin ýuwutdy bizi, garnyny näz-nygmatdan doýrup, soňra bizi gusup taşlady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Бабыл патышасы Небукаднесар бизи чейнеди, бизи оврадып енҗип, бош габа өвүрди. Аждарха кимин ювутды бизи, гарныны нәз-ныгматдан дойруп, соңра бизи гусуп ташлады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:34
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Baýlygy ýuwudyp, ýene gusýarlar ony, Hudaý ony içlerinden çykarýar.


Olary ölüler dünýäsi ýaly diriligine, gabra inenler deý tutuşlaýyn ýuwudalyň.


Gotanlar bilen kirpiler Edomy eýelärler, baýguşlardyr gargalar mesgen tutarlar onda, Reb onuň üstüne aljyraňňylyk ýüpüni, weýrançylyk ýüpüni ölçemek üçin çeker.


Emma bu dagan, talanan halkdyr. Ählisi gowaklarda duzaga düşen, Tussaghanalarda gizlenen; olar olja boldular, halas edýän ýok. Talandylar, «Yzyna gaýtar!» diýýän ýok.


Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan goýun sürüsine meňzeýär. Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy, Babyl patyşasy Nebukadnesar soňra onuň süňklerini gemirdi».


Kim tapsa iýdi olary. Duşmanlary diýdiler: „Biz ýazykly däl, sebäbi olar hakykat örüsi bolan Rebbe garşy, atalarynyň umydy bolan Rebbe garşy günä etdiler“.


Babyl hudaýy Beli jezalandyraryn, ýuwudanyny gusduraryn, milletler gaýdyp oňa tarap eňmezler, Babylyň diwary ýykylar.


Eý, Ysraýylyň öldürilenleri! Tutuş ýer ýüzüniň öldürilenleri üçin Babyl-da öz gezeginde heläk bolar.


Wah, öň adamdan doly şäher, indi ýalňyz boşap galdy! Milletler arasynda beýik bolan indi dul hatyna meňzäp galdy! Öň welaýatlaryň melikesi bolan, indi gyrnaga öwrüldi!


Ähli duşmanlaryň seni ýaňsylaýarlar, sykylyk atyp, dişlerini gyjaýarlar. Olar: «Biz ony ýuwutdyk! Ine, şudy biziň garaşýan günümiz. Ahyry muny-da gördük!» diýip gygyryşýarlar.


Şonuň üçin pygamberlik et-de, şeýle diý: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Sizi harabaçylyga öwrüp, her tarapdan weýran etdiler. Şeýdip, siz milletleriň galyndysyna mülk bolduňyz, agza-dile düşüp, ile gürrüň bolduňyz“».


Ysraýyl ýuwudylandyr. Olar başga milletleriň arasynda dereksiz gap bolup galdy.


Eşidiň muny, mätäçleri depgiläp ezýänler, ýurduň garyplaryny heläk edýänler!


Duşmanlar Ysraýyly talap, haraba öwrüp, üzüm şahalary dek sypyran bolsalar-da, Reb Ýakubyň şöhratyny, Ysraýylyň beýikligini öňküsi ýaly dikelder.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ