Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:33 - Mukaddes Kitap

33 Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Döwek wagty harman ýeri nähili tapbatlanýan bolsa, Babyl gyzy-da şeýle ediler. Ýene az salymdan onuň oruljak wagty geler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

33 Ысрайыл Худайы Хөкмүрован Реб шейле диййәр: «Дөвек вагты харман ери нәхили тапбатланян болса, Бабыл гызы-да шейле эдилер. Ене аз салымдан онуң орулҗак вагты гелер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:33
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hasyl ýygymyndan öň, gülleme gutaranda, gül üzüm bolup ýetişende, ol bag gaýçysy bilen pudaklary keser, ýaýraýan şahalary kesip taşlar.


Eý, harmanda döwlen, ýele sowrulan halkym! Hökmürowan Rebden, Ysraýylyň Hudaýyndan eşidenlerimdir, size aýan edýänim.


«Eý, boýy ýeten Babyl gyzy, aşak düş-de, toza çök! Eý, kesetler gyzy, ýerde otur, tagtyň ýokdur! Näzik, mylaýym, diýilmez indi saňa.


geçelgeler ele salyndy, gamyşly batgalyklara ot berildi, urşujylara gorky aralaşdy».


Men halkymyň öňki abadançylygyny gaýtaryp berenimde, Seniň üçin jeza güni taýýar bolar, eý, Ýahuda».


Oraklaryňyzy işlediň, çünki hasyl ýetişdi; üzüm sykylýan ýeri doly, Çelekler dolup daşýança basgylaň. Çünki hetden aşdy pislikleri milletleň».


Reb şeýle diýýär: «Men damasklylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki demir dişli döweklerde gilgat halkyny ýençdiler olar.


Emma Rebbiň pikirini bilmeýär olar, Onuň maksadyna-da düşünmeýärler. Harmanda döwüljek bugdaý desseleri deý jezalandyrmak üçin Reb olary bir ýere jemledi.


Reb şeýle diýýär: «Eý, Sion gyzy! Tur, döwek döw! Şahyňy demirden, toýnaklaryňy bürünçden ederin Men. Onsoň sen köp halklary ezersiň. Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».


Ýer ýüzüne gazap bilen gadam basdyň, milletleri gahar bilen depelediň.


bugdaýy hem köki bilen goparmagyňyz mümkin. Goý, oraga çenli olaryň ikisi-de bile ösübersin. Orak döwri men orakçylara ilki haşal oty ýygyň-da, ýakar ýaly edip desseläň. Bugdaýy bolsa meniň ammaryma üýşüriň diýerin“» diýip jogap berýär.


Haşal otlary eken duşman – şeýtandyr. Orak döwri – dünýäniň ahyrydyr, orakçylar bolsa perişdelerdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ