Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:29 - Mukaddes Kitap

29 Ýurt titräp, lerzana gelýär! Çünki Babyl ýurduny ilatsyz haraba öwürmek baradaky Rebbiň niýeti amala aşýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Юрт титрәп, лерзана гелйәр! Чүнки Бабыл юрдуны илатсыз хараба өвүрмек барадакы Реббиң ниети амала ашяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:29
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Görenler çiňerilip serederler saňa, sen hakda oýlanyp, şeýle diýerler: «Ýeri sarsdyran, patyşalyklary titreden,


Serhoş kimin yraň atar ol, sakçy jaýy kimin çaýkanar, ýazyklary oňa agyr ýük bolar, ýykylar-da, soň galmaz ol.


Emma Reb hakyky Hudaýdyr, Ol diri Hudaý hem baky Patyşadyr. Onuň gaharyndan titreýär tutuş ýer, gazabyna garşy durup bilmez milletler.


Ol Rebbiň gazabyndan ýaňa ilatsyz galyp, bütinleý harabalyga öwrüler. Babyldan geçenler onuň ýaralaryna haýran bolup sykylyk çalarlar.


Galp pygamberleriň depesinden gylyç insin! Olar akmak bolarlar. Urşujylarynyň depesinden gylyç insin! Olar tapdan düşerler.


Babyl patyşasy olar hakdaky habary eşidende, elleriniň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýär dert-azarlary.


Munuň üçin Rebbiň Babyl hakdaky kararyny, babyllylaryň ýurduna niýetlän maksadyny eşidiň: Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar, sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler.


Babyl ele salnanda boljak galmagaldan ýer ýüzi sarsar; gykylyklarynyň sesleri milletleriň arasyndan eşidiler».


Senden burç daşyny, binýat daşyny almazlar, sen ebedilik haraba bolarsyň». Muny Reb aýdýandyr.


Milletleri, ýolbaşçylary, häkimleri bilen birlikde madaý patyşalaryny we olaryň gol astyndaky ähli ýurtlary Babylyň garşysyna söweşe toplaň.


Babyl daş üýşmeklerine, şagallar sürenine öwrüler, howp we ryswaçylyga dönüp, ol ýerde hiç kim ýaşamaz.


Onuň şäherleri weýran boldy, ýurdy hiç kim ýaşamaýan, hiç bir ynsan geçmeýän gurak bir çöle döndi.


Duşman atlarynyň horruldysy Dandan eşidilýär, bedewleriniň kişňemesinden tutuş ýer ýüzi titreýär. Olar bu ýurdy, onuň içindäki ähli zatlary, şäheri hem onda ýaşaýanlary ýok etmäge geldiler.


Olaryň öňünde ýer endireýär, asman bolsa lerzana gelýär, Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini gizleýär.


Bu işler üçin ýer sarsmajakmy? Ýerde ýaşaýan her kes ýas tutmajakmy? Bütin ýer ýüzi Nil derýasy kimin tolkun atar, Müsürdäki Nil derýasy deý belende galyp pese düşer».


Perişde batly gygyryp, şeýle diýdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň mesgenine öwrüldi, ähli arwahlaryň sürenine öwrüldi, dürli haram we nejis guşlaryň penasyna öwrüldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ