Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:28 - Mukaddes Kitap

28 Milletleri, ýolbaşçylary, häkimleri bilen birlikde madaý patyşalaryny we olaryň gol astyndaky ähli ýurtlary Babylyň garşysyna söweşe toplaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Миллетлери, ёлбашчылары, хәкимлери билен бирликде мадай патышаларыны ве оларың гол астындакы әхли юртлары Бабылың гаршысына сөвеше топлаң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:28
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýafesiň nesilleri: Gomer, Magok, Madaý, Ýawan, Tubal, Meşek we Tiras.


Ýafesiň nesilleri: Gomer, Magok, Madaý, Ýawan, Tubal, Meşek we Tiras.


Patyşalygynyň üçünji ýylynda ol özüniň ähli begleri hem köşk emeldarlary üçin meýlis gurady. Meýlise Parsyň we Madaýyň harby ýolbaşçylary, han-begleri we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.


Patyşanyň ähli güýç-kuwwaty, Mordekaýy hormatlap, onuň wezipesini beýgeldendigi hakyndaky ähli wakalar Madaý we Pars patyşalarynyň ýyl ýazgylaryna ýazylandyr.


Ine, Men kümşe gyzmaýan, altyny söýmeýän madaýlary olara garşy öjükdirýärin.


Bir gorkunç görnüş aýan boldy, haýyn haýynlyk edýär, talaňçy talaýar. Hüjüm et, eý, Eýlam! Gaba, eý, Madaý! Babyl sebäpli bolan nalyşlaryň soňuna çykaryn.


Çünki köp milletler we beýik patyşalar olary gula öwrerler. Men olara etmişlerine görä, elleriniň işine görä almytlaryny bererin“».


Reb şeýle diýýär: «Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär, ýeriň aňry ujundan bir beýik millet, köp patyşalar aýaga galýar.


Oklary ýiteldiň, sagdaklary dolduryň! Reb madaýlaryň patyşalarynyň ruhuny oýardy; Onuň maksady Babyly ýok etmekdir, Reb Öz öjüni – ybadathanasynyň öjüni alar.


Ýurtda baýdak dikiň, milletler arasynda surnaý çalyň, milletleri Babyl bilen uruşmaga taýýarlaň. Ararat, Minni we Aşkenaz patyşalyklaryny Babylyň garşysyna çagyryň, onuň garşysyna serkerde belläň, üstüne çekirtge sürüsi kimin atlar ýollaň.


Ýurt titräp, lerzana gelýär! Çünki Babyl ýurduny ilatsyz haraba öwürmek baradaky Rebbiň niýeti amala aşýar.


Darýuş öz patyşalygynyň üstünden ýüz ýigrimi sany häkim bellemegi makul bildi. Olar tutuş patyşalygyň üstünden garamalydylar.


Eý, şahym, madaýlaryň we parslaryň ýatyrylmajak kanuny hökmünde hiç wagt üýtgedilmez ýaly, şu karary tassykla we permana gol çek» diýdiler.


Seniň gören iki şahly goçuň Madaý we Pars patyşalarydyr.


Asly madaý bolan Kserksiň ogly Darýuşyň patyşalygynyň birinji ýylydy. Ol babyllylaryň üstünden patyşa goýlupdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ