Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:27 - Mukaddes Kitap

27 Ýurtda baýdak dikiň, milletler arasynda surnaý çalyň, milletleri Babyl bilen uruşmaga taýýarlaň. Ararat, Minni we Aşkenaz patyşalyklaryny Babylyň garşysyna çagyryň, onuň garşysyna serkerde belläň, üstüne çekirtge sürüsi kimin atlar ýollaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Юртда байдак дикиң, миллетлер арасында сурнай чалың, миллетлери Бабыл билен урушмага тайярлаң. Арарат, Минни ве Ашкеназ патышалыкларыны Бабылың гаршысына чагырың, онуң гаршысына серкерде белләң, үстүне чекиртге сүрүси кимин атлар ёллаң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:27
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gomeriň nesilleri: Aşkenaz, Ripat we Togarma.


Gämi ýedinji aýyň on ýedisi güni Ararat daglarynda saklandy.


Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Sareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.


Eý, bütin dünýäniň ilaty, ýer ýüzünde ýaşaýanlar! Daglaryň çür başynda baýdak dikilende serediň! Surnaý çalnanda diňläň!


Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Sareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.


Çünki köp milletler we beýik patyşalar olary gula öwrerler. Men olara etmişlerine görä, elleriniň işine görä almytlaryny bererin“».


Gür bolsa-da, tokaýyny çaparlar, muny Reb aýdýandyr. Olar çekirtgelerden-de köpdür, hasaby ýok, san-sajaksyzdyr.


«Milletler arasynda yglan ediň, olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň. Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň: „Babyl basylyp alyndy, Bel hudaýy utanja galdy, Merodak hudaýy bölek-bölek edildi. Onuň heýkelleri masgara boldy, nejis butlary parçalandy“.


Çünki demirgazykdan bir millet oňa garşy çykar, ol onuň ýurduny harabaçylyga öwrer, onda hiç kim ýaşamaz. Ynsan-da, haýwan-da ondan gaçyp gider».


Demirgazyk ýurdundan beýik milletler toplumyny Men Babylyň garşysyna örüzerin, olar oňa garşy nyzama durarlar, şol ýerde ony ele salarlar. Oklary mergen ýigidiň oky kimin bolar, hiç biri boş geçmez.


Babyl galasyna garşy tugy galdyryň; gözegçiligi güýçlendiriň, sakçylar goýuň, bukulary taýynlaň; çünki Reb Babyl ilatyna garşy niýetlänini we aýdanyny ýerine ýetirdi.


Hökmürowan Reb Özünden ant içdi: «Seni çekirtge sürüsi kimin esgerler bilen dolduraryn, olar saňa garşy ýeňiş nagrasyny çekerler».


Milletleri, ýolbaşçylary, häkimleri bilen birlikde madaý patyşalaryny we olaryň gol astyndaky ähli ýurtlary Babylyň garşysyna söweşe toplaň.


«Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin Iýerusalimden gaçyň! Tekowada surnaý çalyň, Beýthakeremde bir nyşan dikiň, çünki demirgazykdan bir betbagtlyk, äpet weýrançylyk ýetip gelýär.


Muny halklar arasynda jar ediň: «Söweş üçin taýýarlyk görüň, batyrlary aýaga galdyryň, goý, esgerleriň bary jemlensin.


Şäherde surnaý çalnar-da, halkda gorky bolmazmy? Rebbiň Özi indermese, şähere bela gelermi?


Men Iýerusalimiň garşysyna uruşmak üçin ähli milletleri ýygnaryn. Şäherler basylyp alnar, öýler talanar, aýallar zorlanar. Şäher halkynyň ýarysy sürgün ediler, ýöne halkyň galan bölegi şäherden çykarylmaz.


Olar mallary hem çadyrlary bilen bile edil çekirtge çozan ýaly bolup gelerdiler; olaryň özleriniň hem, düýeleriniň hem san-sajagy ýokdy. Olar ýurdy wes-weýran ederdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ