Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:24 - Mukaddes Kitap

24 Sionda gözüňiziň alnynda Babyl ýurdunyň we ähli babyllylaryň eden hemme ýamanlyklaryny özlerine gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Сионда гөзүңизиң алнында Бабыл юрдуның ве әхли бабыллыларың эден хемме яманлыкларыны өзлерине гайтарып берерин. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:24
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen onuň üçin taýýarladyň topragy, ol kök urup, doldurdy ýurdy.


Hemmäňiz toplanyň, diňläň! Butlaryň haýsysy bulary öňden aýan etdi? Reb birini saýlap-seçer, ol Rebbiň Babyla garşy maksadyny amala aşyrar, onuň goly babyllylara garşy bolar.


Rebbiň merhemet ýylyny, Hudaýymyzyň öç aljak gününi yglan etmäge, ähli ýas tutýanlara göwünlik bermäge,


Şäherden bir güýçli ses, ybadathanadan bir ses eşidilýär! Duşmanlarynyň jezasyny berýän Rebbiň sesidir bu!


Çünki köp milletler we beýik patyşalar olary gula öwrerler. Men olara etmişlerine görä, elleriniň işine görä almytlaryny bererin“».


Babyllylaryň ýurdy talaňa salnar, ony talanlaryň bary oljadan doýar. Muny Reb aýdýandyr.


Töwerek-daşdan oňa gygyryşyň, ol boýun egdi; onuň minaralary ýykyldy, diwarlary ýer bilen ýegsan boldy. Bu Rebbiň öjüdir, ondan öç alyň. Özi näme eden bolsa, oňa hem şony ediň.


Oklary ýiteldiň, sagdaklary dolduryň! Reb madaýlaryň patyşalarynyň ruhuny oýardy; Onuň maksady Babyly ýok etmekdir, Reb Öz öjüni – ybadathanasynyň öjüni alar.


Seniň bilen çopany we sürüsini, daýhany we ýer sürýän öküzlerini, ýolbaşçylary we häkimleri gyraryn.


Sionyň ilaty: „Maňa we ysraýyl doganlaryma edilen zorluk Babylyň başyna gelsin!“ diýer. Iýerusalim: „Dökülen ganymyzyň huny, goý, babyllylardan soralsyn!“ diýer».


Eý, Ysraýylyň öldürilenleri! Tutuş ýer ýüzüniň öldürilenleri üçin Babyl-da öz gezeginde heläk bolar.


Babylyň garşysyna heläkleýji çykdy, onuň batyr ýigitleri ele salyndy, ýaýlary bölek-bölek boldy, çünki Reb öç alýan Hudaýdyr; onuň etmişiniň almytyny berer.


Olaryň elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekdir, ýa Reb!


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


Pygamberleriň we Hudaýyň halkynyň – dünýäde öldürilenleriň ählisiniň gany sende tapyldy».


Olar batly ses bilen gygyryp: «Eý, mukaddes we hakyky Reb! Sen ýer ýüzüniň ilatyny haçan höküm etjek? Biziň ganymyzy olardan haçan sorajak?» diýip soradylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ