Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:22 - Mukaddes Kitap

22 Seniň bilen erkekleri hem aýallary, garrylardyr ýaşlary, oglanlardyr gyzlary gyraryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Сениң билен эркеклери хем аяллары, гаррылардыр яшлары, огланлардыр гызлары гырарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:22
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Reb Iýerusalimiň garşysyna Babyl patyşasyny çozdurdy. Babyllylar mukaddes öýünde ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny Babyl patyşasynyň eline berdi.


Tutulanlar naýzadan geçiriler, ele düşen gylyçdan ötüriler.


Çagalary gözleriniň alnynda parça-parça ediler, öýleri talanar, aýallaryna el urlar.


Ýaş ýigitleri ýere ýazar ýaýlary, bäbeklere rehim etmezler, gözleri çagalary gaýgyrmaz.


Aşuryň patyşasy-da Müsüre utanç bolsun diýip, müsürlileri sürgün edip, efiopiýalylary ýesir alyp, ýaşlardyr garrylary ýalaňaç, aýakýalaň, otyrýerleri açyk halda äkider.


Indi bolsa Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: „Näme üçin siz öz başyňyzdan bu ägirt uly betbagtçylygy inderýärsiňiz? Özüňizden soň hiç kim galmaz ýaly, Ýahudadan erkegi, aýaly, çaga-çugany we bäbegi gyryp taşlajaksyňyzmy?


Atlarynyň, söweş arabalarynyň depesinden, aralaryndaky ähli keseki esgerleriň üstünden gylyç insin! Olar heleý ýaly bolarlar. Hazynalaryna garşy gylyç insin! Olar talaňa salnarlar.


Seniň bilen çopany we sürüsini, daýhany we ýer sürýän öküzlerini, ýolbaşçylary we häkimleri gyraryn.


Munuň üçin men Rebbiň gazabyndan doludyryn, gaharymy saklamakdan halys irdim». «Ony köçedäki çagalaryň, toplanan ýigitleriň üstüne dök. Är-aýalyň ikisini-de tutup äkiderler, garrydyr goja-da olardan sypmaz.


Gözlerim ýaş dökmekden küteldi, içim ýanýar. Eziz halkymyň weýrançylygy zerarly gara bagrym gan bolýar, çünki şäheriň köçelerinde çagalardyr bäbekler mejalsyz ýykylýar.


Ýaşy-garrysy ýoluň üstünde ýatyr, gyzlarymdyr ýigitlerimi gylyçdan geçirdiler. Gaharyň gelen güni Sen olary öldürdiň, rehimsizlik bilen baryny gyrdyň.


Gojalary, ýigitleri, boý gyzlary, çagalar bilen aýallary öldüriň, emma maňlaýynda bellik bolanlara golaýlaşmaň. Meniň mukaddes öýümden başlaň» diýdi. Olar-da öýüň öňündäki ýaşululardan başladylar.


Ýigit ýa-da gyz bolsun, emýän körpe ýa çal goja, parhy ýok, daşarda gylyç heläk eder, içerde olary gorky öldürer.


Indi, bar, amalekleri gyr, olaryň ähli emlägini bütinleý ýok et. Olary diri galdyrma. Aýal-erkeginiň, çaga-çugasynyň, mal-garadyr dowarlarynyň, düýedir eşekleriniň baryny gyr“».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ