Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:13 - Mukaddes Kitap

13 Eý, bol suwlar ýakasynda, baý hazynaly ýerde ýaşaýan halk! Seniň soňuň geldi, ömür tanapyň kesildi!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Эй, бол сувлар якасында, бай хазыналы ерде яшаян халк! Сениң соңуң гелди, өмүр танапың кесилди!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:13
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy. Men olary ýer bilen bile ýok etjek.


Ýa Reb, tüýs ýürekden Saňa şükür ederin, ylahy barlyklar öňünde Saňa nagma aýdaryn.


Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Siziň hatyraňyza Babyla leşger ýollap, ähli babyllylary gaçgaklar hökmünde buýsanýan gämilerinde getirerin.


Adyňy tutup çagyran Ysraýyl Hudaýy Meniň Rebdigimi bilmegiň üçin, garaňkylygyň hazynalaryny, gizlin ýerlerdäki baýlyklary saňa bererin.


Nähak gazanç etmişleri üçin gaharlanyp, olary jezalandyrdym, gaharlandym, ýüz öwürdim; emma olar öz islän ýollaryndan gitdiler.


Haram baýlyk toplan öz guzlamadyk ýumurtgalarynyň üstünde oturan käkilik kimindir. Ömri ýarpy bolanda, ol baýlyk elden gider, ömrüniň ahyrynda bolsa ol akmak bolup çykar.


Öküzleriniň ählisini öldüriň, olar soýulmaga äkidilsin. Waý olaryň halyna! Çünki olaryň güni doldy, jeza pursady geldi.


Eý, tekepbir, Men saňa garşydyryn, muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çünki seniň günüň doldy, seni jezalandyrjak wagtym gelip ýetdi.


Atlarynyň, söweş arabalarynyň depesinden, aralaryndaky ähli keseki esgerleriň üstünden gylyç insin! Olar heleý ýaly bolarlar. Hazynalaryna garşy gylyç insin! Olar talaňa salnarlar.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Men seniň hakyňy alyp bererin, seniň öjüňi alaryn, Babyl deňzini takyradaryn, çeşmesini guradaryn.


Yzymyzy yzarladylar, köçelerimizde gezip bilmedik; ahyrymyz golaý, günlerimiz gutardy, çünki soňumyz ýetip gelipdi.


Bu sözleriň manysy şeýle: MENE Hudaý seniň patyşalygyňyň möhletini hasaplap, ony soňlady.


Ol menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir sebet ýetişen miwäni görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb maňa şeýle diýdi: «Meniň halkym Ysraýylyň soňy ýetip geldi. Mundan beýläk olary bagyşlamaryn.


Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


Eli käseli ýedi perişdäniň biri gelip, maňa şeýle diýdi: «Gel, men saňa köp suwlaryň üstünden hökmürowanlyk ýöredýän uly lolynyň jezasyny görkezeýin.


Perişde maňa ýene şeýle diýdi: «Lolynyň hökmürowanlyk sürýän köp suwlary her milletden, her halkdan, her dilden bolan ägirt mähelläni aňladýandyr.


Olar başlaryndan gum sowrup, aglarlar, ýas tutup, ses edip möňňürerler: „Waý, halyňa waý, beýik şäher! Deňizde gämileri bolanlaryň bary bu şäheriň baýlygy arkaly baýapdy. Indi bolsa ol bir sagatda weýran edildi!“


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ