Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 51:1 - Mukaddes Kitap

1 Reb şeýle diýýär: «Men Babylyň, ýagny Lebkamaýyň ilatynyň garşysyna heläkleýji ýel turzaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Реб шейле диййәр: «Мен Бабылың, ягны Лебкамайың илатының гаршысына хеләклейҗи ел турзарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 51:1
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men onuň içine bir ruh ibererin welin, ol bir habar eşidip, öz ýurduna dolanar. Men ony öz ýurdunda gylyç bilen öldürderin“».


Reb meniň arymy alar; ýa Reb, Seniň söýgiň ebedi galar, Öz elleriňiň işini Sen terk eýleme.


Şonuň üçin gökleri titrederin, Rebbiň gahar ody lowlaýan güni, Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýer ýüzi lerzana geler.


Bulutlaryň depesine çykaryn, Beýik Hudaý ýaly ederin özümi».


Deňiz ýanyndaky çöl hakda pygamberlik: Tüweleýleriň günortadan gelşi deý, basybalyjy-da gorkunç ýurtdan, çölden geler.


«Eý, boýy ýeten Babyl gyzy, aşak düş-de, toza çök! Eý, kesetler gyzy, ýerde otur, tagtyň ýokdur! Näzik, mylaýym, diýilmez indi saňa.


Ine, Rebbiň gyzgyn gazaby, harasady gopup, gazaply lowlaýan harasady erbetleriň başyna iner.


Asmanyň dört ujundan dört ýeli Eýlamyň başyndan inderip, olary bu ýelleriň çar tarapyna dargadaryn. Eýlamyň sürgün edilenleriniň aýak basmadyk ýurdy galmaz.


Merataýym ýurduna we Pekot halkyna hüjüm et. Olary öldür, aman galanlary bütinleý ýok et, özüňe buýruşym ýaly et. Muny Reb aýdýandyr.


Men saňa duzak gurdum, eý, Babyl ýurdy, sen bilmän oňa düşdüň. Rebbe garşy çykandygyň üçin, sen tapyldyň hem tutuldyň.


Ok atýanlary, kemançylaryň baryny Babylyň garşysyna çagyryň! Onuň töwerek-daşynda düşelge guruň, hiç kim ol ýerden gaçyp gutulmasyn. Eden işine görä onuň almytyny beriň, ähli edenlerini onuň özüne ediň. Ol Rebbe, Ysraýyl Mukaddesine garşy küpürlik etdi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl bilen ýahuda halky-da ejir çekýär, ýesir alanlaryň bary olary berk saklaýar, azat etmekden boýun gaçyrýar.


Demirgazyk ýurdundan beýik milletler toplumyny Men Babylyň garşysyna örüzerin, olar oňa garşy nyzama durarlar, şol ýerde ony ele salarlar. Oklary mergen ýigidiň oky kimin bolar, hiç biri boş geçmez.


Babyl göklere çyksa-da, galasyny belent ýerde berkitse-de, Men üstüne ýok edijini ýollaryn».


Ýermeýa Babylyň başyna geljek ähli betbagtlyklary, Babyla degişli bu sözleriň baryny bir kagyza ýazdy.


Ýöne ony gazap bilen sogrup ýere taşladylar; gündogar ýeli miwesini guratdy, berk şahalary goparylyp soldy, olary ýalynly ot ýakyp ýok etdi.


Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da, Gündogardan epgek, çölden Rebbiň ýeli öwser. Onuň çeşmesi kesiler, guýusy gurap galar. Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».


Şäherde surnaý çalnar-da, halkda gorky bolmazmy? Rebbiň Özi indermese, şähere bela gelermi?


Çünki Hökmürowan Reb meni Öz şöhraty üçin iberdi. Sizi talan halklar babatda Ol şeýle diýýär: «Siona degen hut Meniň görejime degýändir.


Şawul ýere ýykyldy. Şonda ol: «Şawul! Şawul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň?» diýen sesi eşitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ