Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 50:5 - Mukaddes Kitap

5 Olar ýüzlerini Siona tarap öwrüp, oňa gidýän ýoly sorarlar. „Geliň, unudylmajak ebedi äht arkaly Reb bilen birleşeliň“ diýerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Олар йүзлерини Сиона тарап өврүп, оңа гидйән ёлы сорарлар. „Гелиң, унудылмаҗак эбеди әхт аркалы Реб билен бирлешелиң“ диерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 50:5
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik äht baglaşaryn. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn.


Meniň neslim hem Hudaýyň öňünde şeýle dälmi näme?! Sebäbi Ol meniň bilen baky äht baglaşdy, bu äht tertip-düzgünli we bozulmazdyr. Meniň halas bolmagym, arzuwlarym Oňa bagly dälmi näme?!


Ylýas Oňa şeýle jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum. Ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, Seniň pygamberleriňi öldürdiler. Meniň diňe ýeke özüm galdym. Olar şu wagt meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».


Ylýas Oňa şeýle diýip jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum, çünki ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, pygamberleriňi öldürdiler. Indi men ýeke galdym. Olar meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».


Halkyňyň Sende şatlanyp bileri ýaly, Sen bizi gaýtadan dikeltjek dälmi?


Ol ýerde şaýol bolar, oňa Mukaddes Ýol diýler; haram adam ondan geçmez, ol diňe şol Ýola golaý ýaşaýanlaryňky bolar, hatda akmaklar-da ol ýoldan azaşmaz.


Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin.


Şol günlerde ýahuda halky ysraýyl halky bilen birleşer. Ikisi birlikde demirgazyk ýurtdan çykyp, Meniň ata-babalaryna mülk edip beren ýurduma geler.


Özüň üçin çelgiler goý, ýol görkezýän sütünler dik, ýoluňy, ýörän şaýoluňy gowuja anykla. Yzyňa dolan, eý, Ysraýyl boý gyzy, öz şäherleriňe tarap öwrül!


Gözegçileriň Efraýym daglarynda: „Turuň, Hudaýymyz Rebbiň ýanyna, Siona çykalyň“ – diýip gygyrjak günleri geler».


Ýagşylyk etmekden ýüz döndermejekdigime olar bilen ebedi äht baglaşaryn. Menden hiç ýüz öwrüp gitmezlikleri üçin, ýüreklerine Menden gorkmagy salaryn.


Reb şeýle diýýär: «Ýoluň çatrygynda durup serediň, owalky ýodalar hakda sorap, ýagşy ýoluň nirededigini öwreniň; ondan ýöräň, janyňyz rahatlyk tapar. Emma olar: „Ol ýoldan ýöremeris“ diýdiler.


Özüňden uly we kiçi uýalaryňy ýanyňa alanyňda, eden etmişleriňi ýatlap utanarsyň. Men olary saňa gyzlyga bererin, emma bu seniň ähtiň boýunça däldir.


Olary ýurtda, Ysraýyl daglarynyň üstünde bir millet ederin, olaryň baryny bir patyşa dolandyrar; olar gaýdyp iki millet bolmazlar, iki patyşalyga bölünmezler.


Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer, özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler. Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».


«Geliň, Rebbe dolanalyň. Ol bizi parçalady. Özi şypa berer. Bizi ýaralady. Indi ýaramyzy daňar.


Hudaýyň yradasyny berjaý etmek isleýän adam Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyna ýa-da Özümdendigine göz ýetirer.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Bu eden tamamyzdan-da artyk boldy. Olar özlerini ilki Rebbe, soňra-da Hudaýyň islegine görä bize bagyş etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ