Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 50:44 - Mukaddes Kitap

44 Men-Reb arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

44 Мен-Реб арслан кимин Иордан җеңңелинден яп-яшыл өри мейдана чыкарын. Эдомлары дуйдансыз ол мейдандан чыкарарын. Өз сайланымы үстлеринден баштутан белләрин. Чүнки Маңа меңзеш ким бар? Менден хасабат сораҗак ким? Гаршыма чыкҗак чопан ким?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 50:44
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olary syryp äkidýärsiň, olar düýş ýaly, olar säher çagy bitýän ot ýaly; ol ir säherde ösüp, gülleýär, agşamyna bolsa orlup, guraýar.


Sen günälerimizi goýduň öňüňde, gizlin günälerimizi – Öz gözleriňiň alnynda.


Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.


Onda Hudaýy kime meňzedýärsiňiz? Haýsy meňzetmäni ulanýarsyňyz Onuň üçin?


«Meni kime meňzedersiňiz? Kim Maňa taý geler?» Muny Mukaddes Bolan diýýär.


Men demirgazykdan birini öjükdirdim, ol gelýär, gündogardan adymy tutup çagyrýan biri. Ol küýzegäriň toýny depeleýşi kimin hökümdarlary palçyk kimin depelär.


Siz Meniň şaýadymsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şoldugyma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz.


Gündogardan bir ýyrtyjy guşy, maksadymy berjaý etjek birini uzak ýurtdan çagyrdym. Bulary aýdan Mendirin, ýerine-de ýetirerin; Men niýet etdim, amala aşyraryn ony.


Gadymda bolan-geçen zatlary ýatlaň, Men Hudaýdyryn, Menden başga Hudaý ýokdur, Men Hudaýdyryn, Maňa meňzeýän ýokdur.


Hemmäňiz toplanyň, diňläň! Butlaryň haýsysy bulary öňden aýan etdi? Reb birini saýlap-seçer, ol Rebbiň Babyla garşy maksadyny amala aşyrar, onuň goly babyllylara garşy bolar.


Eý, Ýermeýa, pyýadalar bilen ylgap ýadaýan bolsaň, onda atlylar bilen nädip ýaryşjak? Eger howpsuz ýurtda büdreýän bolsaň, onda Iordan jeňňelinden nädip çykjak?


Reb arslan deý süreninden çykdy. Onuň lowlaýan gazabyndan ýaňa, zalymlaryň gaharyndan ýaňa, olaň ýurdy harabalyga döndi».


Baştutany olaryň özünden bolar, hökümdary öz aralaryndan çykar. Men ony Özüme ýakynlaşdyraryn, ol hem Maňa ýakynlaşar. Men çagyrmasam, ýakynlaşmaga kim milt edip biler? Muny Reb aýdýandyr.


Töwerek-daşdan oňa gygyryşyň, ol boýun egdi; onuň minaralary ýykyldy, diwarlary ýer bilen ýegsan boldy. Bu Rebbiň öjüdir, ondan öç alyň. Özi näme eden bolsa, oňa hem şony ediň.


Çopanlaryň bagyryşyna gulak salyň; olaryň şöhraty öçdi. Arslanlaryň arryldysyna gulak goýuň; Iordanyň etegindäki tokaý ýok edildi.


Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we Rebbiň ýanyna kime golaýlaşmaga rugsat edilendigini Ol säher bilen aýan eder. Reb Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ