Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 50:4 - Mukaddes Kitap

4 «Şol günlerde, şol döwürde ysraýyl we ýahuda halklary bile gelerler, özleriniň Hudaýy Rebbi agtaryp, aglaý-aglaý gelerler. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 «Шол гүнлерде, шол дөвүрде ысрайыл ве яхуда халклары биле гелерлер, өзлериниң Худайы Ребби агтарып, аглай-аглай гелерлер. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 50:4
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Reb, halkyňa merhemet edeniňde, meni ýada sal. Seniň seçip-saýlanlaryňyň abadanlygyny görüp bilerim ýaly, halkyňyň şatlygyna şatlanyp bilerim ýaly, saýlan halkyň bilen bile magtanyp bilerim ýaly, olary halas edeniňde maňa kömek et.


Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler.


Men gizlinlikde, tümlük mekanynda geplemedim, Ýakubyň nesline: «Meni çola ýerden agtaryň» diýmedim. Men – Rebbiň sözleýäni hakykatdyr, dogrulykdyr beýan edýäni.


Rebbi tapylýarka, agtaryň, ýakyndaka, çagyryň.


Öç alyş güni ýüregimdedi, halas etjek ýylym gelipdi.


Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl we ýahuda halky bilen Meniň täze äht baglaşjak günlerim hökman geler.


Şol günlerde, şol wagtda Men Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykararyn. Ol ýurtda adalaty hem dogruçyllygy berjaý eder.


Olary garşylamak üçin, Mispadan Netanýanyň ogly Ysmaýyl geldi. Ol aglaý-aglaý adamlaryň deňine gelip, olara: «Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna baryň» diýdi.


Özüňden uly we kiçi uýalaryňy ýanyňa alanyňda, eden etmişleriňi ýatlap utanarsyň. Men olary saňa gyzlyga bererin, emma bu seniň ähtiň boýunça däldir.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi Men Ýakubyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, bütin ysraýyl halkyna rehim ederin we mukaddes adym sebäpli gabanjaň bolaryn.


Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer, özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler. Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».


Reb arslan ýaly nagra çeker. Olar Rebbiň yzyna eýererler. Nagra çekende, Onuň çagalary günbatardan titreşip geler.


«Geliň, Rebbe dolanalyň. Ol bizi parçalady. Özi şypa berer. Bizi ýaralady. Indi ýaramyzy daňar.


Reb heniz şuny aýdýandyr: «Agyz bekläp, aglap, ýas tutup, tutuş ýüregiňiz bilen Maňa öwrüliň.


Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.


Gama batyň, ýas tutup aglaň! Gülküňiz ýasa, şatlygyňyz gam-gussa öwrülsin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ