Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 50:32 - Mukaddes Kitap

32 Tekepbir büdräp ýykylar, ony hiç kim galdyrmaz. Men onuň şäherlerini oda ýakaryn, daş-töweregindäki ähli zady ot ýakyp ýandyrar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Текепбир бүдрәп йыкылар, оны хич ким галдырмаз. Мен онуң шәхерлерини ода якарын, даш-төверегиндәки әхли зады от якып яндырар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 50:32
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Heläkçilikden öň tekepbirlik, ýykylmakdan öň gedemlik gelýändir.


Heläkçilikden öň adamyň ýüregi tekepbir bolýandyr, hormat pes göwünlilikden soň gelýär.


Men sizi eden işleriňize görä jezalandyraryn, tokaýyňyza ot bererin, ot töweregiňizdäki zatlary ýakyp ýandyrar“». Muny Reb aýdýandyr.


Damask diwaryny oda ýakaryn, ot Benhadadyň galalaryny ýakyp ýok eder».


Senden burç daşyny, binýat daşyny almazlar, sen ebedilik haraba bolarsyň». Muny Reb aýdýandyr.


Soňra şeýle diý: „Babyl-da şeýdip suwa batar, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan ýaňa, indi ol hiç haçan galyp bilmez“». Ýermeýanyň sözleri şu ýerde gutarýar.


Emma ol doňýürek bolup, tekepbirlik bilen gopbamsy hereket edende, patyşalyk tagtyndan düşürildi we şöhraty elinden alyndy.


Muňa görä Sur diwaryna ot ýagdyraryn, ot onuň galalaryny ýakyp kül eder».


Şu sebäpden Teýmana ot ýagdyraryn, ot Bosranyň galalaryny ýakyp kül eder».


Söweş günündäki galmagaldan ýaňa, harasat günündäki tüweleý içinde Rabanyň diwaryna ot salaryn, ot galalaryny ýakyp kül eder.


Muňa görä Hazaýylyň köşgüne ot ýagdyraryn, ot Benhadadyň galalaryny ýakyp kül eder.


Muňa görä Gaza diwaryna ot ýagdyraryn, ot onuň galalaryny ýakyp kül eder.


Şu sebäpden Mowaba ot ýagdyraryn, ot Keriýodyň galalaryny ýakyp kül eder. Gygyryşmakdan we surnaý seslerinden ýaňa, Mowap halky söweş gykylygynyň içinde öler.


Şu sebäpden Ýahuda ot ýagdyraryn, ot Iýerusalimiň galalaryny ýakyp kül eder».


Ysraýyl gyzy ýykyldy, indi ol hiç haçan galmaz, öz topragynda süýnüp ýatyr, hiç kim oňa ýardam bermez.


Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwudar ol ot, daglaryň binýadyny ýakyp kül eder.


Şoňa görä, bir günüň içinde ölüm, ýas, açlyk belasy başyna iner, ony ot ýakyp köýdürer. Çünki ony höküm eden Hudaý güýçlüdir!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ