Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 50:31 - Mukaddes Kitap

31 Eý, tekepbir, Men saňa garşydyryn, muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çünki seniň günüň doldy, seni jezalandyrjak wagtym gelip ýetdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Эй, текепбир, Мен саңа гаршыдырын, муны Гудратыгүйчли-Хөкмүрован Реб айдяндыр. Чүнки сениң гүнүң долды, сени җезаландырҗак вагтым гелип етди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 50:31
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hökmürowan Rebbiň bir güni bar, şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri, ähli beýgeldilenleri peselder,


Men saňa garşydyryn, eý, özüni düzde gaýa saýýan jülge ilaty!’. Muny Reb aýdýandyr. Siz diýýäňiz: ‘Bize kim garşy çykyp biler? Mesgenimize kim girip biler?’


Biz Mowabyň tekepbirligi, onuň çensiz gedemligi, badyhowalygy, buýsanjaňlygy, kalbynyň ulumsylygy barada eşitdik.


Düşen howpuň we tekepbir ýüregiň seni aldawa saldy. Eý, gaýanyň jaýrygynda ýaşaýan, belent depeleriň çür başyny eýelän! Sen höwürtgäňi bürgüt kimin belent uçutlarda gursaň-da, Men seni ol ýerden aşak düşürerin. Muny Reb aýdýandyr.


Ok atýanlary, kemançylaryň baryny Babylyň garşysyna çagyryň! Onuň töwerek-daşynda düşelge guruň, hiç kim ol ýerden gaçyp gutulmasyn. Eden işine görä onuň almytyny beriň, ähli edenlerini onuň özüne ediň. Ol Rebbe, Ysraýyl Mukaddesine garşy küpürlik etdi.


Tekepbir büdräp ýykylar, ony hiç kim galdyrmaz. Men onuň şäherlerini oda ýakaryn, daş-töweregindäki ähli zady ot ýakyp ýandyrar».


Men saňa garşydyryn, eý, weýran edýän dag! Bütin dünýäni ýykan dag! Muny Reb aýdýandyr. Elimi saňa garşy uzadyp, seni gaýalardan aşak togalaryn, seni ýanan daga öwrerin.


Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Müsür patyşasy faraon! Sen derýalar boýunda ýatan äpet aždarha kimin: ‘Nil meniňkidir, ony özüm üçin ýaratdym’ diýýäň! Men saňa garşydyryn.


Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Meşegiň we Tubalyň hökümdary Gog! Men saňa garşydyryn.


Eý, ynsan ogly, Goguň garşysyna pygamberlik et we oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Eý, Meşegiň we Tubalyň hökümdary Gog! Men saňa garşydyryn.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men, hut Meniň Özüm size garşy çykaryn, milletleriň gözleriniň alnynda size höküm çykararyn.


«Men saňa duşmandyryn». «Söweş arabalaryňy tütedip ýakaryn, ýaş şirleriň gylyçdan gyrlarlar, ýer ýüzünden toplan oljalaryňy ýok ederin, çaparlaryňyň sesi eşidilmez asla». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Hökmürowan Reb: «Men seniň duşmanyňdyryn, eý, Ninewe halky!» diýýär. «Eşigiňi sypyryp, milletlere ýalaňaçlygyňy görkezerin, patyşalyklara aýbyňy açaryn.


Emma Hudaý bize has beýik merhemet berýär. Şoňa görä Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


Şoňa görä, bir günüň içinde ölüm, ýas, açlyk belasy başyna iner, ony ot ýakyp köýdürer. Çünki ony höküm eden Hudaý güýçlüdir!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ