Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 50:27 - Mukaddes Kitap

27 Öküzleriniň ählisini öldüriň, olar soýulmaga äkidilsin. Waý olaryň halyna! Çünki olaryň güni doldy, jeza pursady geldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Өкүзлериниң әхлисини өлдүриң, олар союлмага әкидилсин. Вай оларың халына! Чүнки оларың гүни долды, җеза пурсады гелди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 50:27
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öňki nesiller olaryň takdyryna haýran galýarlar, howp gurşaýar soňky nesilleri.


Janymyň kastyndakylar duzak gurýarlar; meniň zelelimi gözleýänler meni ýykmak hakda gürrüň edýärler; uzakly gün hile gurmagy niýet edýärler.


«Daň atyp barýar, ýöne entek gije. Ýene sorajak bolsaňyz soraň, soňra öwrülip geliň» diýýär gözegçi.


Rebbiň gylyjy gana bulanandyr, guzudyr owlaklaryň ganyndan doludyr, ýag, goçlaryň böwrek ýagy bilen örtülendir; Rebbiň Bosrada gurbanlygy bar, Edomda uly gyrgyn bolar.


Ýabany gäwmişler, öküzçelerdir, güýçli öküzler ýere serler. Ýurtlary gana eziler, topraklary ýaga.


Meni bolsa, ýa Reb, Sen tanaýarsyň, meni görýärsiň, Özüň hakdaky pikirlerimi synaýarsyň. Olary soýulmaly goýun kimin çykar-da, soýuljak güni üçin taýýarla.


Möňňüriň, eý, çopanlar! Dady-perýat ediň! Eý, süriniň baştutanlary, küle togalanyň! Çünki geldi öldüriljek, dargadyljak günüňiz, ýykylyp parçalanarsyňyz gymmatly gap kimin.


Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler.


Hakyna tutulan esgerleri baga bakylan öküz kimin bolsa-da, olar-da yza dönüp, bilelikde gaçdylar. Öz orunlarynda durup bilmediler. Çünki başlaryna heläkçilik günleri, jezalandyryljak günleri ýetip geldi.


Nälet bolsun Rebbiň işine ýaltalyk edýäne, Onuň gylyjyny gan dökmekden saklaýana!


Mowap weýran ediler, şäherleri basylyp alnar. Saýlama ýigitleri öldürilmek üçin iberildi. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.


Howpdan gaçan gorpa ýykylar, gorpdan çykan duzaga düşer, çünki Meniň Mowap halkyny jezalandyrjak günlerim gelýär. Muny Reb aýdýandyr.


Eý, mirasymy talaýan babyllylar, siz şatlanýarsyňyz, galkynýarsyňyz, otlagdaky öküzçe deý bökjekleýäňiz, aýgyr atlar kimin kişňeýärsiňiz.


Eý, tekepbir, Men saňa garşydyryn, muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çünki seniň günüň doldy, seni jezalandyrjak wagtym gelip ýetdi.


Olary guzy, goç, geçi kimin soýulmaga ibererin.


Olar ahy-nalamy eşitdiler, emma maňa teselli berýän ýok. Jebrimi ähli duşmanlarym eşitdi, Seniň muny edeniňe şatlandylar. Yglan eden günüňi getir, olar-da meniň ýaly bolsunlar.


Olar onuň çekýän jebirlerinden hopugyp, uzakda duran ýerlerinden şeýle diýerler: „Eý, beýik şäher, halyňa waý! Eý, kuwwatlylyk şäheri Babyl, halyňa waý! Sen bir sagadyň içinde jezaňy aldyň!“


Onsoň men Günüň üstünde duran bir perişdäni gördüm. Ol gökde uçup ýören guşlaryň ählisine batly sesi bilen gygyryp, şeýle diýdi: «Geliň, Hudaýyň uly meýlisine geliň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ