Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 50:26 - Mukaddes Kitap

26 Babyla her tarapdan hüjüm ediň, onuň ammarlaryny açyp, ony galla üýşmekleri kimin üýşüriň, ony bütinleý ýok ediň; ondan hiç zat galmasyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Бабыла хер тарапдан хүҗүм эдиң, онуң аммарларыны ачып, оны галла үйшмеклери кимин үйшүриң, оны бүтинлей ёк эдиң; ондан хич зат галмасын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 50:26
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.


«Ony baýguşhana, batgalyga öwrerin, heläkçilik sübsesi bilen süpürerin» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Rebbiň eli bu dagda bolar, dersli çukurda samanyň depelenişi kimin mowaplylar-da öz ýerlerinde basgylanar.


Adyňy tutup çagyran Ysraýyl Hudaýy Meniň Rebdigimi bilmegiň üçin, garaňkylygyň hazynalaryny, gizlin ýerlerdäki baýlyklary saňa bererin.


Ol uzakdaky milletlere nyşan iberer, olary ýeriň aňry ujundan sykylyk bilen çagyrar, ine, olar dazlap, tizden ýetip gelerler.


Babyllylaryň ýurdy talaňa salnar, ony talanlaryň bary oljadan doýar. Muny Reb aýdýandyr.


Ol Rebbiň gazabyndan ýaňa ilatsyz galyp, bütinleý harabalyga öwrüler. Babyldan geçenler onuň ýaralaryna haýran bolup sykylyk çalarlar.


Töwerek-daşdan oňa gygyryşyň, ol boýun egdi; onuň minaralary ýykyldy, diwarlary ýer bilen ýegsan boldy. Bu Rebbiň öjüdir, ondan öç alyň. Özi näme eden bolsa, oňa hem şony ediň.


Babyl milletler arasynda nähili weýran boldy! Bütin dünýäni tokmaklan nähili döwlüp parçalandy!


Reb şeýle diýýär: «Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär, ýeriň aňry ujundan bir beýik millet, köp patyşalar aýaga galýar.


Babyl hudaýy Beli jezalandyraryn, ýuwudanyny gusduraryn, milletler gaýdyp oňa tarap eňmezler, Babylyň diwary ýykylar.


Soňra şeýle diý: „Babyl-da şeýdip suwa batar, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan ýaňa, indi ol hiç haçan galyp bilmez“». Ýermeýanyň sözleri şu ýerde gutarýar.


«Hany, Hudaýyň Reb nirede?» diýen duşmanym muny görer, ol utanja galar. Duşmanymyň ýykylyşyny öz gözlerim bilen görerin. Köçeleriň palçygy dek, aýak astynda basgylanar ol.


Guşlara serediň, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlarda iýmit toplaýarlar. Muňa garamazdan, gökdäki Ataňyz olary-da iýmitlendirýär. Siz olardan has gymmatly dälmisiňiz?


Perişde oragyny ýeriň ýüzünde işletdi-de, ondaky üzüm salkymlaryny ýygyp, Hudaýyň üzüm sykýan uly gahar-gazap çukuryna taşlady.


Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ