Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 50:24 - Mukaddes Kitap

24 Men saňa duzak gurdum, eý, Babyl ýurdy, sen bilmän oňa düşdüň. Rebbe garşy çykandygyň üçin, sen tapyldyň hem tutuldyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Мен саңа дузак гурдум, эй, Бабыл юрды, сен билмән оңа дүшдүң. Реббе гаршы чыкандыгың үчин, сен тапылдың хем тутулдың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 50:24
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki pisler Hudaýa garşy el göterýär, Gudratygüýçlä garşy çykýar.


«Erkek kimin biliňi berk guşa, seni sorag etjek, Maňa jogap ber.


Şonda sag eliňiň seni halas edip biljegini Men-de boýun alaryn.


Hudaý paýhaslydyr, gudratlydyr, Onuň garşysyna gidip, Ondan üstün çykan barmydyr?


Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Ynsan haçan hasrat geljekdigini bilýän däldir. Zalym tora düşen balyklar kimin, duzaga düşen guşlar kimin ynsanlar hem üstüne betbagtlyk duýdansyz inende, tora düşýärler.


Men dünýäni ýamanlygy üçin, etmişleri üçin jezalandyraryn erbetleri; tekepbirleriň gedemliginiň soňuna çykaryn, zalymlaryň ulumsylygyny peselderin.


Ýaradany bilen dawalaşýanyň dat gününe! Ýeriň küýze döwükleriniň arasyndaky bir küýze döwügi! Toýun özüni şekil berýäne: «Näme ýasaýarsyň?» «Ýasan zadyň tutawajy ýok» diýermi ýa?


Eý, Mowabyň ilaty, seniň öňüňde howp, gorp we duzak dur! Muny Reb aýdýandyr.


Howpdan gaçan gorpa ýykylar, gorpdan çykan duzaga düşer, çünki Meniň Mowap halkyny jezalandyrjak günlerim gelýär. Muny Reb aýdýandyr.


Men onuň ýolbaşçylaryny, akyldarlaryny, häkimlerini, serkerdelerini, urşujylaryny serhoş ederin. Olar ebedi uka gidip oýanmazlar. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.


Babyl duýdansyz ýykylyp kül boldy, onuň üçin perýat ediň! Ýarasyna melhem çalyň, belki-de, şypa tapar.


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ